Sepleriň elýeterliligi

Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Gullugy gepleşik geçirýär


Eýran we BMG-niň Halkara Atom Energiýasy Gullugy (HAEG) Wenada Yslam respublikasynyň ýadro meselesi boýunça gepleşiklere başlady.

Duşenbe we sişenbe güni geçirilýän bu gepleşiklere Eýranyň HAEG-däki wekili Ali Asghar Soltanie we HAEG-iň baş inspektory Hermann Nakaerts gatnaşýar.

Şeýle gepleşikler soňky gezek fewral aýynda Eýranda geçirilipdi. Şol gepleşiklerde maslahat edilýän mesele boýunça gazanylan netije bolmandy.

BMG-niň atoma gözegçilik edýän gullugy Tähranyň atom ýaragyny döretmek boýunça iş alyp barýandygy baradaky çaklamalary derňeýär. Tähran beýle planlarynyň ýokdugyny tekrarlaýar.

BMG Eýranyň Parçin harby desgasyna baryp görmek isleýär. Bu ýerde atom ýaragyny öndürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy çaklanylýar.

Eýran özüniň ýadro programmasyny dünýäniň alty döwleti, ýagny Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Orsýet, ABŞ we Germaniýa bilen 23-nji maýda Bagdatda ara alyp maslahatlaşmaly.
XS
SM
MD
LG