Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň raketadan goranyş sistemasynyň ilkinji synagy üstünlikli geçdi


NATO-nyň başlygynyň berýän maglumatyna görä, ýaranlygyň Ýewropada täze planlaşdyrýan raketadan goranyş sistemasynyň ilkinji çylşyrymly synagy üstünlikli geçipdir.

Baş sekretar Anders Fogh Rasmussen “The Wall Street Journal” gazetinde ýerleşdirilen makalasynda ýaranlygyň “raketa hüjüminden goranmak başarnygyny barlagdan geçirmek maksady bilen bilelikde birnäçe nusga tejribäniň” geçirilendigini ýazýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu tejribede ABŞ-nyň gämisi, radary we emeli hemrasy, şeýle hem Germaniýanyň we Niderlandiýanyň duýgur batareýalary ulanylypdyr.

Rasmussen bu synagyň üstünlikli geçendigini aýdýar.

NATO-nyň liderleri 20-nji-21-nji maýda Çikago şäherinde geçiriljek sammitde raketadan goranyş sistemasynyň “wagtlaýyn başarnygyny” yglan etmekligi göz öňünde tutýarlar.

Ýewropanyň daşyndan abanýan raketa howpundan goranmaklygy göz öňünde tutýan bu galkan sistemasyna Orsýet garşy durýar we özüniň milli howpsuzlygyna bu sistemanyň howp abandyrýandygyny aýdýar. Moskwa bu sistema garşy öz çareleri bilen haýbat atýar.
XS
SM
MD
LG