Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda güýçli sil azyndan bir adamy heläk etdi


Resmileriň aýtmaklaryna görä, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş, Batken we Jalal-Abad regionlaryna gelen güýçli silde we ýer süýşmesinde azyndan bir adam ölüpdir.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň sözçüsi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda güýçli ýagyşyň ýagmagy bilen gelen siliň müňlerçe hususy jaýlary, kärhanalary, awtoýollary, suwaryş kanallaryny we köprüleri weýran edendigini aýtdy.

Bu tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanynyň möçberi häzirlikçe anyklanylmady.
XS
SM
MD
LG