Sepleriň elýeterliligi

“Agalyk synaglary” esgerleriň degnasyna degýär


Soňky 2-3 ýylyň dowamynda türkmen harby goşunynda gulluk edýän esgerleriň gulluk şertleriniň gowulanandygyny gulluk edip gelen raýatlar aýdýarlar.

Soňky 2-3 ýylyň dowamynda türkmen harby goşunynda gulluk edýän esgerleriň gulluk şertleriniň gowulanandygyny gulluk edip gelen raýatlar aýdýarlar.

Soňky 2-3 ýylyň dowamynda türkmen harby goşunynda gulluk edýän esgerleriň gulluk şertleriniň gowulanandygyny gulluk edip gelen raýatlar aýdýarlar. Esasan hem esgerleriň iýmit ýagdaýlarynyň gowulanandygy aýdylýar.

Emma gullukda esgerleriň arasyndaky “agalyk” gatnaşyklarynyň, başgaça aýdylanda, “dedowşinanyň” heniz hem saklanyp galýandygy bellenýär. Muny aýdýanlardan biri hem ýaňy-ýakynda harby gullukdan gelen 21 ýaşly Meýlis.

“Ýaňy harby gulluga baranlara “duhlar”, “molodoý”, “çerepah” ýaly kemsidiji atlar dakylýar” diýip, Meýlis gürrüň berýär. “Gulluga täze baranlar şahsyýeti kemsidiji dürli wakalara duçar bolýarlar, muňa indi gullukda adaty ýagdaý diýip garalýan ýaly”.

Meýlisiň aýtmagyna görä, gulluga baran islendik esger şonuň ýaly “synagdan” geçmeli. “Ilkinji 6 aýda bu “synagyň” jebir çekýäni bolsaň, galan 6 aýda belli bir derejede özüň şol “synaglary” geçirýäne öwrülýärsiň” diýip, aýdýar.

Sowet döwründen bäri dowam edýän eden-etdilikli “dedowşina” düzgüniniň harby gulluga baranlaryň erbet kemsidilmegi, hatda ýenjilmegi ýaly problemalary döredýänligi aýdylýar.

Gullukdan gaçýanlar

Edil “dedowşina” bilen ilteşiginiň bardygy tassyklanmasa-da, soňky döwürlerde esgerleriň harby bölümlerden gaçýan halatlary hem bolýar. Mysal üçin, geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda iki esgeriň harby bölümi terk edip, soňra ele salnanlygy hakda resmi derejede tassyklanmadyk maglumatlar ýaýrapdy.

12-nji dekabrda bolan şol wakada agzalýan esgerleriň öz gulluk ýaraglary bilen harby bölümi terk edendikleri, şol wakanyň yzy bilen Aşgabatda iki günläp geçirilen gözleglerden soň, olaryň 14-nji dekabrda ele salnanlygy näresmi çeşmeler tarapyndan mälim edilipdi.

Türkmen goşunynda dowam edýändigi aýdylýan “dedowşina” meselesi barada resmi çeşmelerde hiç hili maglumat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de bu barada, umuman aýdylanda, esgerleriň özleriniň hem harby edaralara arz etmekden saklanýanlygy aýdylýar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir harby ofiseriň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, “dedowşina” türkmen goşunynda sowet döwründen miras galypdyr.

Onuň aýtmagyna görä, bu mesele bilen bagly käbir halatlarda pajygaly wakalaram ýüze çykýar. “Emma bu barada köplenç dymylýar. Kemsidilýän esgerler öz gullukdaşlarynyň ar almagyndan gorkup, bu ýagdaýlar barada komandirlerine aýtmaýarlar” diýip, harby ofiser aýdýar.

Postsowet problemasy

“Dedowşina” problemasy diňe bir türkmen goşuny bilen çäklenmän, goňşy postsowet ýurtlarynyň goşunlarynda hem ýygy-ýygydan duş gelýär. Mysal üçin, geçen ýylyň dekabar aýynyň başynda 15 töweregi gyrgyz esgeri Bişkekdäki harby bazany terk edipdi.

Bu barada köplenç dymylýar. Kemsidilýän esgerler öz gullukdaşlarynyň ar almagyndan gorkup, bu ýagdaýlar barada komandirlerine aýtmaýarlar.
Birnäçe günden soň yzlaryna gaýdyp baranlarynda, esgerler özleriniň komandirleri tarapyndan kemsidilendikleri, ýenjilendikleri sebäpli, bu ýagdaýya çydaman şeýle herekete baş goşandyklaryny mälim edipdiler.

Şol gyrgyz esgerleriniň biriniň ejesi Anara Abdyrahmanowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Meniň oglum aýak üstünde durup bilenok, men oglumy harby gulluk diýip ölüme iberipdirin” diýip zeýrenipdi.

Gyrgyzystandaky harbylaryň käbiriniň diňlenişikden soň harby gulluga dolanandygy, käbirlerine garşy dürli jeza çäreleriniň görlenligi hakda maglumat berlipdi. Emma harby bazany terk eden türkmen esgerleriniň ykbaly barada maglumat alyp bolmady.

Türkmenistanly harby ofiseriň aýtmagyna görä, “dedowşinanyň” öňi alynmasa, şeýle wakalaryň mundan beýlägem dowam etmegi mümkin. “Şonuň üçin raýatlaryň harby gulluga çagyrylýan häzirki pursatynda bu meselä hem aýratyn üns berilmeli” diýip, türkmen ofiseri nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG