Sepleriň elýeterliligi

Türkmen metbugaty ÝHHG-niň üns merkezinde


Islandiýaly professor Gudmundur Alfredsson Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara adam hukuklary kanunlary boýunça geçirilen leksiýanyň dowamynda studentler bilen gürleşýär, 2010-njy ýylyň 3-nji noýabry.

Islandiýaly professor Gudmundur Alfredsson Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara adam hukuklary kanunlary boýunça geçirilen leksiýanyň dowamynda studentler bilen gürleşýär, 2010-njy ýylyň 3-nji noýabry.

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň otuz studenti ÝHHG-niň ýardam bermeginde gurnalan media sapaklaryna gatnaşdylar.

Ýewropada Howsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşbagatdaky bölüminiň syýasy işgäri, bu leksiýalaryň açylyş dabarasyna gatnaşan Andreý Muntýan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde leksiýalaryň dowamynda medianyň işleýşine, metbugat işiniň gurnalyşyna we dünýadäki halkara žurnalistikasynyň žanrlaryna üns berlendigini aýtdy.

“Bu çäre gury leksiýa bolman, tejribeli žurnalist bilen Türkmenistanyň täze žurnalistler nesliniň arasyndaky gürrüňdeşlik boldy” diýip, ÝHHG-niň resmisi Muntýan leksiýalarda studentler bilen lektoryň arasynda diskussiýalaryň döremeginiň özünde gowy täsir galdyrandygyny aýtdy.

Metbugat azatlygy boýunça dünýäde iň ýapyk ýurtlardan biri hasaplanýan Türkmenistanda 5-nji maýda tamamlanan bu leksiýalar şeýle çäreleriň ilkinjisi däl. ÝHHG mundan ozalam hem şonuň ýaly leksiýalary gurnapdy. Mysal üçin, aprel aýynyň başynda ÝHHG döwrebap kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalary arkaly metbugat azatlygyna ýol bermegiň kanuny mehanizimlerine bagyşlanan dört günlük ýörite maslahaty geçiripdi.

“Ýeterlik däl”

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan metbugat azatlygy boýunça ýaýradylýan hasabatlarda Türkmenistan her ýyl iň ýapyk ýurtlaryň hataryna girizilýärkä, şeýle çäreler iş ýüzünde nähili netije berýär diýlen soraga takyk jogap bermek kyn.

Emma, adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowanyň aýtmagyna görä, ÝHHG-niň Türkmenistanda metbugat azatlygyna ýol berilmegi ugrunda edýän işleri öwgä laýyk, ýöne ýeterlik däl.

“Gynansak-da, bu çäreleriň ählisi deňizdäki bir damja ýaly, ýeterlik däl. Elbetde, ÝHHG ýaly guramalar Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özüni üstünlik diýip hasap etmekleri mümkin. Belki, bu şeýledirem” diýip, Begmedowa belleýär. Ol bu ugurdaky işleriň mümkin boldugyça giňeldilmelidigini nygtaýar.

Bir maksat, dürli usul

Dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda metbugat azatlygy boýunça iş alyp barýan guramalardan biri hem düýbi Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasydyr. Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ÝHHG-niň alyp barýan işlerini öz guramasynyň edýän işleri bilen deňeşdirip, her guramanyň öz ulanýan usullarynyň bardygyny belledi.

Ýohan Bir “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň hökümetden aýry guramadygyny belläp, Ýewropada Howsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly hökümetara guramalaryň özlerini alyp barşynyň kiçi guramalardan tapawutlanýandygyny aýtdy.

“ÝHHG özara hyzmatdaşlygy ýola goýup, açyk gapma-garşylyga girmän, Türkmenistanda söz we metbugat azatlygynyň bolmagyny gazanmak ugrunda hereket edýär” diýip, Ýohan Bir aýdýar. “Ýagny, her guramanyň öz ulanýan usuly bar. Ýöne biziň hemmämiz bir maksada ýetmek ugrunda hereket edýäris. Ol hem Türkmenistanda azat-erkin metbugatyň döremegidir”.

ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Dunýa Miýatowiç Azatlyk Radiosyna özleriniň Türkmenistanda metbugat azatlygyna ýol berilmegi ugrunda edýän tagallalary barada häzirlikçe interwýu bermekden saklanýanlygyny aýtdy. ÝHHG-niň bu bölümi gurama agza 56 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda media azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG