Sepleriň elýeterliligi

Bosgunlykdaky lider uýgurlaryň hytaýlaşdyrylýandygyny aýdýar


Dünýä Uýgurlarynyň Kongresiniň bosgunlykdaky prezidenti Rabiýa Kadeer guramanyň 4-nji maslahatynda çykyş edýär, Ýaponiýa, Tokio, 14-nji may, 2012

Dünýä Uýgurlarynyň Kongresiniň bosgunlykdaky prezidenti Rabiýa Kadeer guramanyň 4-nji maslahatynda çykyş edýär, Ýaponiýa, Tokio, 14-nji may, 2012

Dünýä Uýgurlarynyň Kongresiniň bosgunlykdaky lideri Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Ksinjiaň welaýatynda ýaşaýan uýgurlaryň Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan yzygiderli repressiýa sezewar edilýändiklerini aýdýar.

Rabiýa Kadeer uýgurlary assimilýasiýa etmek, ýagny hytaýlaşdyrmak maksady bilen Hytaýyň “yzygiderli” basyş edýändigini duşenbe güni Tokioda geçirilýän konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

Ol Hytaý bilen diňe söwda aragatnaşygyny saklaman, eýsem “adam hukuklarynyň ýagdaýyna hem üns bermäge” halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.

Azatlyk we adam hukuklary

"Azatlyk we adam hukuklary ugrunda göreşýän döwrümizde Hytaýyň hökümeti uýgur halkyny yzygiderli assimilýasiýa sezewar edýär. Häzir biz ýitip gitmek howpy bilen ýüzbe ýüz durus" diýip, Kadeer aýdýar. "Hytaýyň regionda ösýän güýçli döwlete öwrülýän wagtyndaky göreşimiz ölmek ýa galmak göreşine meňzeýär. Hytaýda adam hukuklarynyň ýagdaýyna üns bermegiň deregine halkara jemgyýetçiligi Hytaý bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barmak bilen has gyzyklanýar".

Ýaponiýa, Tokio, 14-nji maý, 2012

Ýaponiýa, Tokio, 14-nji maý, 2012

20 töweregi ýurtdan bolan uýgur aktiwistleri öz garaşsyzlyklary bilen bagly meseläni öňe sürmek üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän bäş günlük konferensiýa ýygnandylar.

Hytaýyň häkimiýetleriniň millionlarça Han hytaýlylary uýgurlaryň ýaşaýan territoriýasyna göçürip, uýgur halkyny gysmaga çalyşýandyklaryny uýgurlar aýdýarlar.

Soňky ýyllaryň dowamynda etniki dartgynlyk Ksinjiaň welaýatynda wagtal-wagtal büdüzgünçilikleriň möwç alamgyna getirdi.

Türki milletinden bolan 8,7 million uýgur Ksinjiaň welaýatynyň ýerli halky hasaplanýar. Bu welaýat Merkezi Aziýa, Hindistan, Orsýet we Owganystan bilen serhetleşýär.

Pekin ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarylandyrmak we ýerli ykdysadyýetini ösdürmek üçin Ksinjiaň welaýatyna pul ýatyrandygyny aýdýar.

Şeýle hem Ksinjiaňyň häkimiýetleri welaýatda iş ýerlerini köpeltmek üçin degişli çäreleri yglan etdiler. Maglumatlara görä, etniki azlyklardan bolan işçileriň işe has köp alynýandygyny bir resmi aýdýar. Ýöne uýgurlar bu düzgüniň elmydama ýerine ýetirilmeýändigini aýdýarlar.

Etniki dartgynlylyk

Kadeer Hytaýyň beýleki iki regionynyň, ýagny Tibetiň we Içgi Mongoliýanyň ýerli ilatynyň hem uýgurlaryňky ýaly problema bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýar.

"Siz onlarça tibetliniň janlaryny gurban edýändikleriniň şaýady bolýaňyz, mongollaryň hem jepa çekýändiklerini görýäňiz" diýip, Kadeer çykyşynda nygtady. "Siz uýgurlaryň has köp ölüm jezasyna höküm edilýändigini, olara sütem edilýändigini, zorluk bilen deportasiýa edilýändigini, ykdysady ekspluatasiýa sezewar edilýändigini we olaryň medeniýetiniň ýykylýandygyny görýärsiňiz".

Hytaý Dünýä Uýgurlarynyň Kongresini “bölüji” gurama hasaplaýar. Hytaý Kadeera wiza berenligi üçin Ýaponiýany ýazgardy.
XS
SM
MD
LG