Sepleriň elýeterliligi

Ýeriň iň gowy suraty


Bu surat biziň planetamyzyň häzire çenli düşürilen iň dury suraty – 121 megapiksel, ýagny her piksel üçin bir kilometr.

Bu surat biziň planetamyzyň häzire çenli düşürilen iň dury suraty – 121 megapiksel, ýagny her piksel üçin bir kilometr.

Gözümize ilki bilen ilýän zat – posuň reňki.

Orsýetiň meteorologiýa sputnigi tarapyndan düşürilen täze surat planetamyzyň, bir tarapdan, biraz gojalandygyny görkezýän ýaly...

Aslynda, Ýeri surata düşüren kameranyň ýagtylygyň dört tolkunyndan peýdalanmagy (üçüsi görünýär, biri infra gyzyl şöhle) posuň reňkiniň görünmegine sebäp bolýar. Ýagny, ösümlik örtügi mämişi reňke öwrülip, surata sereden badymyza ünsümizi özüne çekýär.

Biziň hemmämiz Ýeriň “uly mawy mermere” çalym edýän suratlaryny görendiris. Emma bu suraty olardan tapawutlandyrýan zat – onuň dury bolmagy.

Bu surat biziň planetamyzyň häzire çenli düşürilen iň dury suraty – 121 megapiksel, ýagny her piksel üçin bir kilometr. Ol diňe bir kadrdan ybarat, ýagny bir bitin suraty ýasamak üçin birleşdirilen birnäçe suratlardan ybarat däl.

Bu iş Orsýetiň “Elektro-L” meteorologiýa sputnigine degişli. Ol 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanyň “Baýgoňur” kosmodromyndan uçurylyp, ol Ýeriň bu suratyny ekwatoryň 36,000 kilometr ýokarsynda aýlanyp ýörkä düşürdi.

“Elektro-L” sputniginiň bir gyzykly tarapy onuň geostasionar orbitada durmagydyr. Bu diýmek, sputnigiň tizligi onuň aşagynda aýlanyp duran Ýeriň tizligi bilen des-deň. Bu ýagdaý bolsa oňa Ýeriň ajaýyp suratyny üýtgewsiz nokatdan almaga mümkinçilik berdi.

Bu surata has ýakyndan syn etmek isleýän bolsaňyz, onda şu ýerden onuň ulaldyp bolýan görnüşini tapyp bilersiňiz.

Orsýetliler Demirgazyk Ýarymşaryň “Elektro-L” tarapyndan belli bir wagt aralyklarynda düşürilen suratlaryny birleşdirip, onuň wideoýazgysyny hem ýasadylar:

XS
SM
MD
LG