Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa: "Ikirjiňlenýän esger" we "Ümsüm söwdagär"


Hytaýyň premýeri Wen Jiabao (sagda) we Wladimir Putin Pekinde, 2011-nji ýylyň 11-nji oktýabry.

Hytaýyň premýeri Wen Jiabao (sagda) we Wladimir Putin Pekinde, 2011-nji ýylyň 11-nji oktýabry.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýola goýan strategiýasyna gözegçilik ediji EUCAM proýekti ýakynda Merkezi Aziýa regiony boýunça özüniň nobatdaky hasabatyny çap etdi. Hasabatda Merkezi Aziýa regionyndaky esasy oýunçylar bolan Orsýetiň, Hytaýyň we Ýewropa Bileleşiginiň sebite çemeleşişi seljerilýär.

Hasabatda şol üç güýjüň her biriniň regiondaky araýan bähbidi barada hem gürrüň edilýär. Hasabatyň awtorlary şol üç esasy güýjüň Merkezi Aziýada alyp barýan özara gatnaşyklaryna hem baha berdiler.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew düýbi Brýusselde ýerleşýän EUCAM, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasynyň başlygy, şeýle hem düýbi Ispaniýada ýerleşýän “Fride” analiz merkeziniň spesialisti Ýos Bunstra bilen söhbetdeş boldy.

Ýos Bunstra Merkezi Aziýa regionyna Orsýetiň, Hytaýyň we Ýewropa Bileleşiginiň haýsy taraplardan çemeleşýändigi, olaryň alyp barýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen hasabatyňyz barada gysgarak maglumat berseňiz. Bu hasabatda siz haýsy meseleleri gozgadyňyz?

Ýos Bunstra: Biz “EUCAM” programmamyzda esasan Ýewropa Bileleşiginiň alyp barýan syýasatyny öwrenýäris. Eger-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa regionynda alyp barýan syýasatyny ol ýerdäki beýleki syýasy oýunçylaryň, ýagny Orsýetiň we Hytaýyň syýasaty bilen deňeşdirsek özüne çekiji bolarmyka diýdik.

Merkezi Aziýa regionyndaky syýasy oýunçylar barada gürrüň edilende, onda özüniň kuwwaty we gyzyklanmasy boýunça ilkinji orunlarda, elbetde, Orsýet bilen Hytaý dur. Soňky bäş ýylyň dowamynda sebitde Ýewropa Bileleşiginiň hem gyzyklanmasy artyp başlady.

Biz hasabatymyzda sebitäki bu üç güýjüň alyp barýan syýasatyna iki tarapdan, ýagny howpsuzlyk we ösüş nukdaý nazaryndan çemeleşdik. Ýagny, olaryň Merkezi Aziýany has durnukly we howpsuz ýer etmek üçin nähili işler alyp barýandyklaryny seljerdik.

Azatlyk Radiosy: Indi geliň ýaňky agzan üç güýjüňiziň her biri barada aýratynlykda durup geçeliň. Siz hasabatyňyzda Orsýete “Ikirjiňlenýän esger” diýen ady beripsiňiz. Bu barada anygrak gürrüň berseňiz?

Ýos Bunstra: Orsýet Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy meselesinde elmydama möhüm orunlaryň birini eýeleýärdi. Merkezi Aziýanyň köp ýurdy Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna we Şanhaý Hyzmatdaşly Guramasyna agza bolup dur.

Biziň pikirimizçe, Orsýet entegem Sowet düşünjisinden aýrylyp bilenok. Moskwa Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün edäýmelidirin diýip pikir edýär. Şol sebäpdenem, sebitde Orsýetiň harby bazalary saklanyp dur.

Biziň Orsýeti “ikirjiňlenýän esger” diýip atlandyrmagymyzyň esasy sebäbi, Moskwa kä halatlarda bu ugurdaky ýolundan dänýär. Mysal üçin, 2010-njy ýylda gyrgyz resmileri ýurtda etnik gazaplylygyň dowam edýän mahaly ors goşunlaryny ugratmagy soranda Orsýet muny ret edipdi.

Diýjek bolýanym, bizde dörän garaýyşa görä, haçan-da zerurlyk ýüze çyksa, Orsýet howpsuzlyk matlabyndan Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna aralaşyp biler. Emma bu olaryň islendik halatda ýeňillik bilen etjekdigini aňlatmaýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýet barada gürrüňi dowam etsek, Putiniň prezidentlige saýlanmagy bilen Orsýetiň Merkezi Aziýa çemeleşişi üýtgäp bilermi?

Ýos Bunstra: Mundan öň, Putin “Ýewraziýa birligini” döretmek baradaky pikiri orta atypdy. Indi munuň nä derejede amala aşjakdygyny synlamaly bolarys. Meniň pikirimçe, mundan beýläk Putin bu ugurda öňe dyzamasa gerek. Şeýle-de, meniň çakymça, Putiniň gelmegi bilen Orsýetiň Merkezi Aziýa boýunça syýasatynda uly bir üýtgeşmeler bolmasa gerek. Soňky 15 ýylyň dowamynda Orsýetiň regionda uly söwda gatnaşyklary-da bolmandy. Şonuň üçin bu ugur boýunça Merkezi Aziýanyň Orsýete onçakly uly bir wajyplygy hem ýok.

Azatlyk Radiosy: Geliň, indi Hytaý barada gürrüň edeliň. Siz ony hasabatda “Ümsüm söwdagär” diýip atlandyrypsyňyz.

Ýos Bunstra: Merkezi Aziýada Hytaýyň iş alyp barýandygy barada köp gürrüň eşitmersiňiz, emma Pekiniň regionda juda uly täsiri bar. Hytaýyň alyp barýan işleri esasan ösüş programmalaryna gönükdirildi. Ýewropa Bileleşigi hem regionda bu ugurda iş alyp barýar. Emma Ýewropa Bileleşigi munuň ornuna Merkezi Aziýa döwletlerinden demokratik reformalary geçirmegi talap edýär. Hytaý bolsa muny edenok.

Ýewropa Bileleşiginden tapawutlykda, Pekin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerini özgertjek ösüş programmalaryny-da alyp baranok. Muňa derek Hytaý infrastrukturany ösdürmek bilen has köp meşgullanýar. Mysal üçin, Hytaý Täjigistanda gara ýollary gurýar. Ol Merkezi Aziýanyň energiýa pudaklaryna sermaýa ýatyrýar. Emma ondan uly ses çykanok.

Azatlyk Radiosy: Indi Ýewropa Bileleşigi barada gürrüň edeliň. Bilşimize görä, Ýewropa Merkezi Aziýa ýurtlaryna bir tarapdan energiýa matlabyndan, beýleki tarapdan hem demokratik reformalar nukdaý nazaryndan çemeleşýär.

Ýos Bunstra: Hawa, siziň-de ýaňy belleýşiňiz ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň regionda bähbitleri bar, bu esasan hem energiýa resurslarynda degişli. Energiýa barada gürrüň edilende, regionyň iki ýurdy göz öňüne tutulýar. Bular Gazagystan we Türkmenistandyr. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi üçin strategiki ähmiýeti bar. Bu hem gurulmagy göz öňünde tutulýan “Nabukko” proýekti bilen bagly. Ýöne, şahsy pikirime görä, bu proýekt entek-entekler amala aşmaýmasa... Şunlukda, energiýa bähbitleri Ýewropa Bileleşigi üçin edil häzir birinji derejeli zat däl.

Ýewropa Bileleşigi regiondaky edil beýleki oýunçylar ýaly, howpsuzlyk meselesine uly üns berýär. Bu hem 2014-nji ýylda Owganystandan halkara güýçleri çykarlandan soň regionda döräp biljek ýagdaýlar bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň, Hytaýyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa regionynda özara nähili gatnaşyklary bar? Siz hasabatyňyzda Orsýet bilen Hytaýyň dil tapyşýandygyny hem aýdyp geçýärsiňiz.

Ýos Bunstra: Şol üç güýjüň, elbetde, özara umumy bähbitleri bar. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, olaryň çapraz gelýän ýerleri-de bar. Eger-de bularyň adam hukuklary, demokrtatik institutlar ýaly meselelere çemeleşişi göz öňünde tutulsa, onda Orsýet bilen Hytaý dil tapyşýar diýse bolar. Moskwanyň we Pekiniň alyp barýan syýasaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içerki syýasatyna gönüden-göni degenok. Ýewropa Bileleşigi bolsa, bu gymmatlyklary öňe sürýär.

Bu ugurda Birleşen Ştatlar hem Ýewropa Bileleşiginiň ýarany bolup, olar hem özara dil tapyşýar diýse bolar. Sebäbi ABŞ hem Merkezi Aziýada demokratik gymmatlyklary öňe sürýär. Şunlukda, ABŞ-ny regiondaky dördünji güýç diýip atlandyryp bolar. Emma biz gürrüňini edýän hasabatymyzda ABŞ-nyň üstünde durmadyk.

Azatlyk Radiosy: Siz ABŞ-ny regiondaky güýçleriň biri diýip atlandyrdyňyz. Eýsem 2014-nji ýylda halkara güýçleri Owganystandan çekilenden soň ýagdaýlar nähili özgerer? Bu ýagdaýda regiondaky güýçler nähili hereket edip bilerler?

Ýos Bunstra: Bärde başdan belläp geçmeli zat, halkara güýçleri çykarlandan soň, iň esasy üýtgeşmäniň boljak ýeri Owganystanyň özüdir. Mundan soň Owganystanyň durnuklylygy nä derejede saklap biljekdigi uly sorag astynda. Ikinjiden, munuň Pakistana ýetirjek täsiri hem möhümdir. Bular göz öňüne tutulsa, onda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky roly onçakly bir ýokarlanman hem biler. Ýöne Merkezi Aziýada neşe gaçakçylygy artyp biler.

Emma häzir Merkezi Aziýa ýurtlary Owganystandaky goşunlaryň çykarylmagyndan has uly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup durlar.

Azatlyk Radiosy: Haýsy meseleler?

Ýos Bunstra: Owganystan Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy babatynda käbir aladalary döredip biler. Emma, başga bir tarapdan, Owganystan bu ugurda şol ýurtlaryň hyzmatdaşy bolmagy-da mümkin.

Ýöne, meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin iň uly howp bu ýurtlaryň öz içindäki durnuksyz ýagdaýlardyr. Bu hem regiondaky prezidentler bilen bagly. Diýjek bolýanym, käbir ýurtlaryň uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan prezidentleri hökümet başynda durmagy dowam etdirip bilerlermi? Mysal üçin, Gazagystanyň we Özbegistanyň prezidentleri. Olar indi diýseň gartaşdy.

Şeýle-de, regionda etniki dargtynlylyk güýçli. Mysal üçin, Gyrgyzystanda. Beýleki bir tarapdan, döwletleriň öz arasynda hem dartgynlylyk bar. Meselem, Özbegistan bilen Täjigistanyň arasynda. Meniň pikirimçe, bu meseleler 2014-nji ýylda halkara güýçleriniň Owganystandan çykmagyndan has möhüm.
XS
SM
MD
LG