Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapdaky işler yzda süýrenýär


Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň infrastruktarasyny kämilleşdimek boýunça planlaşdyrylan işleriň hem talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny-da belledi.
Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň infrastruktarasyny kämilleşdimek boýunça planlaşdyrylan işleriň hem talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny-da belledi.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 2008-2011-nji ýyllarda 169 sany desgany gurmak we olaryň durkuny täzelemek işlerinden diňe 55 sanysy tamamlanyp, tabşyrylmaly möhletiniň gutarandygyna garamazdan, olaryň 110 sanysynda işler henizem dowam edýär.

Welaýatda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin gurulmagy planlaşdyrylan 152 dik guýynyň diňe 33-de işler tamamlanyp, olaryň 107-niň gurluşygyna bolsa häzire çenli hem girişilmändir.

Bu maglumatlary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen wideo-maslahatyň dowamyna agzap geçdi.

Býurokratiýa

Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň infrastruktarasyny kämilleşdimek boýunça planlaşdyrylan işleriň hem talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny-da belledi.

“Işleriň pes derejede ýerine ýetirilendigi sebäpli, welaýatda lagym ulgamlarynyň bary-ýogy 7%-i, awtomobil ýollarynyň 17%-i, elektrik geçirijileriň 28%-i, suw ulgamlarynyň 39%-i, gaz geçirijileriň bolsa 81%-i gurlupdyr” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Lebap welaýatyndaky işleriň gijikdirilmeginiň esasy sebäpleri “gurulmaly desgalaryň taslama-resminamalarynyň taýýarlygynyň pes derejede gurnalmagy, degişli resminamalary almak işleriniň 20 aýa çenli çekmegi” ýaly ýagdaýlar bilen bagly bolupdyr.

Sebäp näme?

Lebaply ýaşaýjylar resminamalaryň gijikmegine welaýatda ýeke-täk proýekt-taslama guramasynyň hereket etmeginiň sebäp bolýan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Emma daşary ýurtly ekspertler meseläniň başga-da sebäpleriniň bar bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, professor Artýom Ulunýan gurluşyk işleriniň talaba laýyk alnyp barylmazlygyna korrupsiýanyň sebäp bolýan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

“Bu ýerde ýatdan çykarmaly däl ýene bir ýagdaý bar. Türkmenistanda gurluşyk işleriniň maliýeleşdirilmegi elmydama-da gümürtik bolupdy” diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Ulunýan aýdýar. “Bu pudagyň ýokary derejede korrumpirlenendigi barada köp gürrüňler boldy, hatda bu gürrüňleriň tassyklanan ýerleri-de bolupdy”.

Prezident Berdimuhamedow agzalan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, olary talaba laýyk ýola goýmak barada görkezme berdi. Emma edilmeli işleriň tertibi metbugatda açyk aýdylmady.
XS
SM
MD
LG