Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Orsýetiň okuw jaýlary üçin giriş synaglary başlanýar


Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň bilim ministrligi Russiýa Federasiýasynyň ýokary we ýörite orta bilim berýän okuw jaýlarynda okamak üçin abituriýentlerden dokumentleri kabul edip başlady.

Studentlere 2012/2013-nji okuw ýyllarynda Orsýetde okamak üçin ýokary okuw jaýlarynda 53, ýörite orta bilim berýän mekdeplerinde bolsa 11 hünär hödürlenýär.

Dokumentleriň 25-nji maýa çenli welaýat merkezlerinde we Aşgabatda Saparmyrat Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kabul edilýändigi aýdylýar.

Orsýetiň okuw jaýlaryna giriş synaglary 27-nji maýdan 30-njy maýa çenli geçirilýär. Giriş ekzamenleri umumy bilim beriş dersler boýunça test görnüşinde geçirilýär, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy boýunça söhbetdeşlik gurnalýar.

Testiň rus dilinde ýazmaça, söhbetdeşligiň bolsa türkmen dilinde Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdepleriniň programmasy boýunça geçiriljekdigi maglumatda bellenilýär.

Ähli abituriýentler bilen rus dili boýunça söhbetdeşligiň hem geçiriljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG