Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň täze prezidenti Ýeliseý köşgünde kasam edýär


Fransua Olland Parižiň Ýeliseý köşgünde Fransiýanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, sişenbe güni irden geçirilen bu dabarada wezipesinden gidýän Nikolýa Sarkozi Ollanda ýurduň ýadro ýaragynyň koduny we beýleki gizlin dokumentleri gowşurdy.

Olland Germaniýa saparyndan ozal Fransiýanyň täze premýer-ministrini bellär.

Olland Berlinde geçiriljek duşuşygynda Ýewropanyň bergi krizisi boýunça kansler Angela Merkel bilen maslahat eder.
XS
SM
MD
LG