Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Russiýa Federasiýasyna sapar edýär


15-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iki günlük sapary başlanýar.

Bu saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň liderleriniň Moskwada geçirýän näresmi maslahatyna gatnaşýar, şeýle hem Tatarystana barýar.

16-nji maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk programmasyny maslahat eder.

Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA-nyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýär. Geçen aýda Türkmenistanyň Mary şäherine 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty statusynyň berilmegi resmi taýdan yglan edildi.
XS
SM
MD
LG