Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin iki sammit geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Moskwada iki sammit geçirýär. Olaryň ilkinjisi GDA-nyň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasynyň 20 ýyl dönümi we guramanyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen bagly geçirilýär.

Kremiliň metbugat gullugy Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ähli agzalarynyň sammite gatnaşýandygyny mälim etdi.

Bu guramanyň maslahatyndan soňra GDA-nyň liderleriniň sammiti başlanar. Bu maslahatyň gün tertibiniň belli edilmändigi, ýöne GDA giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi boýunça maslahatyň boljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG