Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Facebook” saýtynyň şärigi amerikan raýatlygyndan el çekýär


“Facebook” sosial saýtynynyň şärikli esaslandyryjysy ABŞ-nyň raýatlygyndan el çekýändigini yglan etdi. Eduardo Saweriniň bu hereketiniň ýüzlerçe million dollar möçberinde salgyt tölemezlik üçin edilýändigi aýdylýar.

Eduardo Sawerin bu karara gelmek bilen, “Singapuruň ýaşaýjysy bolmaklygyň özi üçin amatlydygyny we bu ýurtda ýaşamagy planlaşdyrýandygyny” aýtdy. Bu barada onuň sözçüsi mälim etdi.

30 ýaşly Sawerin ABŞ-nyň raýatlygyndan el çekmek bilen anna güni “Facebook” saýtynyň aksiýalaryny ilkinji gezek birža çykaranda olardan gelýän girdejisine salgytdan boşaýar.

Singapurda aksiýalardan gelýän girdejä salgyt salynmaýar.

Synçylar aksiýalaryň birža çykarylan halatynda olardan 100 milliard dollar gazanmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdýarlar.

Braziliýada doglan Sawerin şärigi Mark Zuckerberg bilen gatnaşyklary ýaramazlaşandan soň “Facebook” sosial saýtyny terk etdi.

Ol “Facebook” saýtynyň girdejisiniň 4 prosentine eýe boljakdygyna we ondan 2 milliard dollar töweregi kapital edinjekdigine ynanýar.
XS
SM
MD
LG