Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada täze saýlawlar geçiriler


Gresiýanyň Socialistk "PASOK"partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos, Afiny, 15-nji may, 2012

Gresiýanyň Socialistk "PASOK"partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos, Afiny, 15-nji may, 2012

Gresiýanyň Sosialistik partiýasynyň lideri Ewangelos Wenizelos koalision hökümeti döretmek üçin edilen birnäçe synanyşykdan soň, Gresiýada geljek aýda täze saýlawlaryň geçiriljekdigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde prezident Karolos Papoulias çarşenbe güni ähli partiýa liderleri bilen maslahat geçirjekdigini mälim etdi. Bu maslahatda täze saýlawlara çenli ýurdy dolandyrjak wagtlaýyn hökümeti döretmek meselesine garaljakdygy habar berilýär.

Ýurtda hökümeti düzmek meselesi boýunça sişenbe güni geçirilen soňky gepleşikler şowsuz boldy. 6-njy maýda geçirilen saýlawlarda partiýalaryň hiç biri ýeterlik ses gazanyp bilmändi.

Ýöne şol saýlawlar maliýe krizisinden çykmak boýunça tygşytlylyk planyna garşy durýan aşa çepçi we aşa sagçy partiýalaryň möwç almagyna getirdi. Şeýle hem şol saýlawlar Wenizelosyň sosialistik “PASOK” we konserwatiw “Täze demokratiýa” partiýalarynyň gowşamagyna getirdi.

6-njy maýa çenli ýeňil bolmadyk koalision ýagdaýda ýurdy dolandyran bu partiýalaryň ikisi hem Ýewropa Bileleşigi we Halkara Pul Gaznasy bilen karz pul boýunça ylalaşmagyň berk tarapdarlarydyr.

“Syriza” çepçi partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras we onuň tarapdarlary, Afiny, 6-njy may, 2012

“Syriza” çepçi partiýasynyň lideri Aleksis Tsipras we onuň tarapdarlary, Afiny, 6-njy may, 2012

“Syriza” radikal çepçi partiýasy 6-njy maýda geçirilen saýlawlarda berk antikrizis syýasatyna we ÝB-niň kampaniýasyna garşy durýan partiýadan soň ikinji orny eýeledi. Onuň lideri Aleksis Tsipras berk antikrizis syýasatyny goldaýan konserwatiwler we sosialistler bilen bir koalisiýany döretmeklige yzygiderli garşy durup geldi.

Deslapky pikir soralyşygyň netijesi täze saýlawlarda hut “Syriza” partiýasynyň ýeňiş gazanmak ukybynyň bardygyny görkezýär.

Ýewropa ýurtlarynyň liderleri Gresiýany batmakdan halas etmek üçin niýetlenen 310 milliard dollar möçberindäki karz pul boýunça şertnamany ýerine ýetirmegi üçin bu ýurda basyş edýärler.

Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetli ýurdy bolan Germaniýa Gresiýanyň berk antikrizis çärelerini ýerine ýetirmegi hem-de ýewro birligini güýçlendirmek üçin eýmendiriji bergisini azaltmagy üçin ÝB-niň alyp baran kampaniýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Gresiýanyň näbelli syýasy geljegi maliýe bazarlaryny çaýkandyrdy we Gresiýanyň ýewro zolagyndan çykmagy baradaky gürrüňleri ýitileşdirdi.

Gresiýada täzeden saýlaw geçirmek baradaky habara görkezilen ilkinji reaksiýa ýewro birliginiň 1,28 dollardan aşaga düşmegi boldy.

Bu täzelik Afinynyň biržasyna hem täsirini ýetirdi.
XS
SM
MD
LG