Sepleriň elýeterliligi

Ýewronyň hümmeti soňky dört aýdaky iň pes derejesine düşdi


Çarşenbe güni ýewro pul birliginiň hümmeti soňky dört aýyň dowamynda iň pes derejä düşdi. Bilermenler bu ýagdaýyň uly býujet defisitini başdan geçirýän Gresiýanyň ýewro-zonadan çykmak ähtimallygy bilen dörän aladalar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Çarşenbe güni 1 ýewronyň dollardaky hümmeti 1 dollar 27 sent boldy. 6-njy maýda Gresiýada geçirilen parlament saýlawlaryndan soň, ýurduň maliýe syýasaty bilen baglanyşykly dawalar sebäpli syýasy partiýalar henizem parlamentde dolandyryjy koalisiýa döredip bilmän gelýärler.

Şu ýagdaý sebäpli Gresiýada parlament saýlawlary geljek aý gaýtadan geçiriler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG