Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanly belli aktiwist möhletinden öň türmeden boşadyldy


Sişenbe güni Azerbaýjanyň häkimiýetleri belli oppozisiýa aktiwisti Elnur Mejidlini möhletinden öň tussaglykdan boşatdylar.

Azerbaýjanyň “Halk Fronty” atly oppozision partiýasynyň agzasy Elnur Mejidli özüniň möhletinden öň türmeden boşadylmagyny sorap Bakuwyň suduna beren arzasyny suduň kanagatlandyrandygyny aýdýar.

Elnur Mejidli 2011-nji ýylyň aprelinde oppozisiýanyň protestine gatnaşmagynyň yzýany jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozanlykda aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

“Amnesty International” guramasy Azerbaýjanyň türmelerinde ýene 12 sany syýasy tussagyň bardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG