Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Orsýet-Amerikan harby türgenleşikleri geçirilýär


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Kolorado ştatynda ilkinji Amerikan-Orsýet harby türgenleşikleri başlandy.

Bu harby türgenleşik terrorizme garşy göreş maksatlary üçin döredilen harby birikmeleriň gatnaşmagynda geçirilýär.

Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň harby resmileri bu türgenleşige gatnaşyjylara eden ýüzlenmelerinde şeýle çäreleriň geljekde ýene dowam etmegine umyt edýändiklerini hem-de bu çäreleriň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky özara ynamyň berkemegine ýardam etjekdigini nygtadylar.
XS
SM
MD
LG