Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Germaniýa Owganystana 150 million ýewro ýardam bermäge borçlandy


Çarşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlary Owganystany terk edenden soň, bu ýurduň polisiýasyny we harby güýçlerini goldamak üçin, Germaniýanyň Owganystana ýylda 150 million ýewro maliýe ýardamyny berjekdigini aýtdy.

Angela Merkel bu barada çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Berlinde uzak möhletleýin partnýorlyk hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyga gol çekmekleriniň yzy bilen eden çykyşynda belledi.

Bu dabarada Germaniýanyň kansleri Owganystana magaryf, ykdysadyýet we infrastruktura ýardamlaryny bermeklige degişli ylalaşyga-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG