Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň ozalky “Halk Fronty” täzeden janlanmakçy


Çarşenbe güni Täjigistanyň ozalky “Halk Fronty” atly partiýasynyň ozalky liderleri ýurduň oppozision güýçlerini jebisleşdirmek baradaky öz planlaryny yglan etdiler.

Bu partiýanyň ozalky lideri Kuwwatali Murodow täzeden janlandyryljak partiýanyň indi “Ýaragsyz Halk Fronty” diýlip atlandyryljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol bu oppozision partiýanyň täzeden janlandyrylmagynyň maksadynyň 1992-97-nji ýyllaryň graždanlyk urşunda oppozisiýanyň dürli frontlarynda çykyş eden ozalky meýdan komandirlerini, söweşijileri we syýasy aktiwistleri bitewi bir ideýanyň saýasyna birleşdirmekden ybaratdygyny belledi.

Onuň aýtmagyna görä, indi bu halk fronty ýurtdaky sosial we ykdysady problemalary çözmek işlerine we syýasy proseslere gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG