Sepleriň elýeterliligi

Ýuriý Lusenko garşy çykarylan ozalky hökümi Kiýewiň sudy goldady


Çarşenbe güni Ukrainanyň ozalky içeri işler ministri, tussaglykdaky Ýuriý Lusenkonyň aklawçysy Kiýewiň sudunyň çykaran kararyna garşy Ýokary şikaýat suduna ýüz tutmakçydygyny mälim etdi.

Çarşenbe güni Kiýewiň şikaýat sudy Ýuriý Lusenko dört ýyl türme tussaglygyny bermek barada şäher sudunyň ozalky çykaran kararyny öz güýjünde galdyrdy.

Onuň aklawçy Igor Fomin suduň bu hökümi bilen öz müşderisiniň ylalaşmaýandygyny aýtdy we indi bu höküme garşy Ukrainanyň Graždan we Jenaýat meseleleri boýunça Ýokary suduna ýüz tutmakçydygyny mälim etdi.

Ukrainanyň ozalky içeri işler ministri Ýuriý Lusenko şu ýylyň fewral aýynda bikanun pul ýuwmakda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG