Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gresiýanyň wagtlaýyn bellenen hökümeti resmi ýagdaýda kasam etdi


Penşenbe güni Gresiýanyň wagtlaýyn bellenen hökümeti geljekki parlament saýlawlaryna çenli ýurdy kanunalaýyk dolandyrmaklyga kasam etdi.

Wagtlaýyn hökümetiň düzümine diplomatlardan, professorlardan we ozalky ministrlerden ybarat 16 sany wagtlaýyn ministr girýär. Olar Gresiýada 17-nji iýunda gaýtadan geçiriljek parlament saýlawlaryna çenli ýurda ýolbaşçylyk ederler.

6-njy maýda geçirilen parlament saýlawlarynda syýasy partiýalardan hiç biri parlamentde orunlaryň köplügine eýe bolup bilmedi.

Soňra Ýewropadan karz almak meselesindäki dawalar sebäpli bu partiýalar parlamentde dolandyryjy koalisiýany-da döredip bilmediler. Netijede, Gresiýada parlament saýlawlaryny 17-nji iýunda gaýtadan geçirmeklik karar edildi.
XS
SM
MD
LG