Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň welaýat häkimligine edilen hüjümde 7 adam öldi


Penşenbe güni Owganystanyň Farah welaýatynyň merkezinde ýaragly söweşijiler hökümet binalaryna hüjüm etdiler.

Ýerli polisiýa bu wakada janyndan geçen bir hüjümçiniň welaýat häkimliginiň binasynyň öňünde partlama aşyrandygyny we şonuň yzy bilen ýene üç sany ýaragly adamyň häkimligiň binasyna hüjüm edendigini mälim etdi.

Iki sagada golaý dowam eden atyşyklarda alty sany polisiýa işgäri bilen bir ýerli ýaşaýjynyň ölendigi habar berilýär, ýene 12 adam ýaralanypdyr. Polisiýa bu wakada hüjümleri amala aşyran dört ýaragly adamyň-da öldürilendigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG