Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Dmitriý Medwedew bilen telefon arkaly gürleşdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Orsýetiň täze wezipä saýlanan premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.

Bu telefon gürrüňdeşligi G.Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda saparda ýören wagty geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berdimuhamedow bilen Medwedew Türkmenistan bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklarynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Olar şu maý aýynyň ahyrynda GDA döwletleriniň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçjek maslahatyna görülýän taýýarlyklar barada-da gürrüň etdiler.
XS
SM
MD
LG