Sepleriň elýeterliligi

Lebapda çaga zähmeti: meýletinmi ýa mejbury?


Bagtýyaryň aýtmagyna görä, okuwdan soň şeýle söwda-satyk bilen meşgullanýan onuň ýeke özi däl.

Bagtýyaryň aýtmagyna görä, okuwdan soň şeýle söwda-satyk bilen meşgullanýan onuň ýeke özi däl.

Lebap welaýatynda ýerleşýän obalaryň biriniň ýaşaýjysy 13 ýaşly Bagtýyar öýlän günüň yssysynda gozakly welosipedine aýran, gatyk ýaly önümleri ýükläp, aýlanyp ýör. Ol duşundan geçene önümlerini hödürleýär. Alan alýar, almadygam geçip gidýär.

7-nji klasda okaýan Bagtýyar Türkmenabatda we welaýatyň beýleki oba-şäherlerinde aýlanyp, aýran, gatyk, süýt we gök öňümleri satyp gazanç edýän çagalardan diňe biridir. Şeýle çagalaryň sany bolsa soňky döwürlerde has hem köpelýär.

“Men oba ýerinde ýaşaýan. Maşgalamda dört çaga bar. Men iň ulusy” diýip, Bagtýyar Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Kakam kärendeçi. Öýmüzde dört sany mal saklaýarys. Şu wagt iki sany sagyn sygyrymyz bar. Olardan her gün 10-a golaý litr süýt alýas”.

“Her gün şeýle bolansoň, maşgalamyzda süýt agdyklyk edýär. Şonuň üçin ejem artykmaç süýtleri gatyk edip ýa-da şol durşuna satdyrýar. Käbir günler aýran hem satýan” diýip, Lebap welaýatynyň obalarynyň biriniň ýaşaýjysy 13 ýaşyndaky Batgýyar gürrüň berdi.

Bagtýyar indi ep-esli wagtdan bäri okuwynyň daşyndan söwda-satyk bilen meşgullanýar. Okuwyny öýlän sagat ikide tamamlanan soň, ol welosipedini alyp, halkyň üýşýän ýerlerine – bazarlara aýlanýar. Ol öz gazanjyndan hem kärinden razydygyny aýdýar.

Bagtýyaryň aýtmagyna görä, okuwdan soň şeýle söwda-satyk bilen meşgullanýan onuň ýeke özi däl. Ol käbir klasdaşlarynyň hem miwe, tamdyrda bişirilen çörek we balyk ýaly önümleri satyp, gazanç edýändiklerini aýdýar.

Zähmet we okuw

Çagalardan käbirleri bu işlere maşgala býujetine goşant goşmak üçin baş goşýan bolsa, käbirleriniň öz islegi bilen girişýänligini raýatlar aýdýarlar. Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem orta mekdebiň okuwçysy Mähri.

“Çaga psihologiýasynda dürli zat bolýar, uly adamlaryň işini özleri etjek bolýan çagalar bolýar. Özleriniň höwesine görä işleýän çagalar bolýar, zorluk bilen işledilýän çaga ýok” diýip, Mähri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

13 ýaşly Bagtýyaryň kakasy Gurban aganyň aýtmagyna görä, keminden öz ogly barada aýdylanda, ol bu işe “öz islegi bilen girişipdir”. “Eger bu onuň sapaklaryna zýyan ýetirmese, men Bagtýyaryň söwda etmegine garşy däl” diýip, Gurban aga aýtdy.

“Bu çagalaryň özi üçinem gowy, sebäbi ojuk-bujuk zatlary satýan çagalaryň aglabasy tygşytlan puly bilen mobil telefonlary, özleriniň halaýan egin-eşiklerini satyn alýarlar” diýip, Bagtýyaryň kakasy Gurban Aga Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň 4-nji klasdan ýokarylarynyň ählisinde diýen ýaly mobil telefony bar. “Ol wagtyň talaby, şeýle enjamlary bolmadyk çagalar kemsinýärler, gurby çatmadyk ene-atalar bolsa olara kömek edip bilenok, şeýlelikde, çaga öz gerek-ýaragyny öz zähmeti bilen eden gazanjyndan satyn alýar” diýip, Gurban aga aýdýar.

Gurban Agadan tapawutlulykda, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň söwda-satyk ýaly işler bilen meşgul bolmagyna garşy çykýanlaram bar. Özüni Salamat diýip tanadan lebaply mugallyma hem şolardan biri.

“Bazarlarda, uly administratiw jaýlaryň öňünde, hatda öýme-öý aýlanyp, çagalaryň zat satyp ýörmegini men oňlamok. Sebäbi ol çagalar mekdep okuwçylary. Olar ýurdumyzyň geljegi, olaryň esasy işi okuw bolmaly” diýip, lebaply mugallyma öz pikirini aýtdy.

Mugallyma maşgalalaryndaky ýetmezçilikler sebäpli söwda-satyk ýa beýleki agyr işler bilen meşgullanýan çagalaryň hem az däldigini öňe sürýär. Emma şeýle çagalar barada ýurtda takyk statistiki maglumat ýok.

Türkmenistanyň çaga zähmetine garşy 2005-nji ýylda kabul eden kanunynda zähmet ýaşy 16 diýlip kesgitlenýär. Türkmenistan BMG-niň çaga zähmetine garşy Konwensiýasyna hem gol goýan ýurtlaryň biridir.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG