Sepleriň elýeterliligi

Daýhan: ‘Şorlukdan kösenýäs’


Bol pagta hasylyny almak üçin, ýerleri şordan saplamak kärendeçiniň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

Bol pagta hasylyny almak üçin, ýerleri şordan saplamak kärendeçiniň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

Şu günler Türkmenistanyň oba ýerlerinde daýhanlar ýeriň aladasy bilen ýaşaýarlar. Bol pagta hasylyny almak üçin, ýerleri şordan saplamak kärendeçiniň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

Daşoguz welaýatyndan özüni Meňli diýip tanyşdyran, 58 ýaşly oba ýaşaýjysy özüniň hem maşgala agzalarynyň kärendeçilik bilen meşgul bolýandyklaryny aýdýar. Ol hojalyk işleriniň daşyndan, maşgalasynyň kärende ýerinde gowaçanyň hassylly bolmagy üçinem kömek edýär.

Meňli Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kärendeçileriň şu günki zähmet şertleri, ýerleriň ýagdaýy barada gürrüň berdi.

Meňli: Kärendeçileriň ýagdaýy gowy. Pagtasy bar bolsa, dohodyny wagtynda berip dur. Ýygsaň pagtasynyň pulunam berýä, dohodynam berýä. Gowy, juda gowy. Ýöne ýerler şorlaşdy, pagta bolman dur. Köp adamlar, biziňki bolany bilen ýene goňşulaňky bolman dur, goňşulaňky bolsa-da... Aňyrrakdakylar, bozgunrak ýeri bolanyňky bolup dur. Ýöne gamyş basyp, şor basyp giden ýerleriňki bolanok pagta.

Azatlyk Radiosy: Zeý kanallar kömek edenokmy?

Meňli: Zeý kanallar kän ýok. Üç kilomert-dört kilometrde bar, onuňam peýdasy degenok.

Azatlyk Radiosy: Bar bolan zeý kanallar gowy çekýärmi, doly işledilýärmi?

Meňli: Olar işläp dur. Ekskowatorlar çekmeýän ýerlerini gazyp geçýär. Ýöne biziň öýmüze daş bolansoň, bize peýdasy ýok. Biziňem öýmüze üç kilometr-iki kilometr aňyrrakdan ýarylan bolanda, pagta ýerimizde-de ekin boljak, onda pagtamyzam boljak. Şony bir zerur ýerlere ötürip berseler, şonda pagtaňy kärende ekseňem, pagtaň ýa ekinçiligiňem bolsa, kärende pagtaňam bolsa gowy boljak. Ýöne şol ýok-da. Suw çykyp ýatyr-da, bir ýagyn ýagsa-da, şol zeýkeş-zat bolmansoň, ýolam dolup ýatyr, ýaňky bir oýrak ýerem bolsa dolup ýatyr. Şol zeýkeşleri geçirip berseler boljak.

Azatlyk Radiosy: Näçe gektar kärende ýeriňiz bar?

Meňli: Gektarymyz bäş gektar dagy bar, ýöne şor bolansoň, şor ýerini ölçedip, “Ynha, şorda gögerenok” diýdik. Onsoň gögeren ýerine bize plan ýazdy.

Azatlyk Radiosy: Şol ýeriňizden jemi näçe tonna pagta tabşyrdyňyz?

Meňli: Şondan sekiz tonna tabşyrdyk. Alan girdejimiz: dohotda on aldyk, ýygymyň puluna-da bäş aldyk – on bäş milliona düşdi-dä şol. Köne puldan 15 million aldyk. Boljak. Biz onam şor bolansoň, onam gögerdip bilmäni heläk boldug-a bir ýyllarda. Bu ýyl ýöne mazaly gowy boldy. 15 million dagy alsaň ol dym boljak azabyňa görä.

Azatlyk Radiosy: Pagtaňyzy bazalara tabşyranyňyzda, daýhan birleşigi size nähili ýardam berýär?

Meňli: Bazalara äkidende neme edýäs, özümiz bir günde adama hakyny töläp ýygdyrýas. Ýygdyrybam, şo skladdan, ýygdyran badymyz teležkäni ýanap, gury pagra-da açylyp galan. Gezekli, oçerda ýygdyrýas. Onsoň açylyp galýar. Eger ölüräk görsek, ýere döküp gurudýas, öz gyrasyna döküp, iki gün-bir gün gurudyp, onsoň ýükläp, teležkä ýükläp eltýäs. Onsoň baza alýar öl diýip aýtman.

Azatlyk Radiosy: Häzir siz 2011-nji ýylyň gürrüňini etdiňiz. 2012-nji ýyl üçin şertnama baglaşdyňyzmy?

Meňli: Hawa, baglaşdyk şertnama. Bäş gektar indi, ol bar-a traktor girensoň, ekip gögerensoň, onsoň haýyş edýäň: “Ynha, gögeren ýerini ölçe, gögermedik ýerini biziň plany, biziň boýnumyzdan aýyr”. Indi şol gögeriş alansoň neme edýärler. Gögeriş alan wagtyň ýagdaýyňa seredýärler. Birinji otagyny alýaň, ýekelemesini alýaň. “Ynha, meniň palan nemäm bar, şertnama baglaşanym bar, indi onam men talabyny üzüp bilmeýän şol tamany. Gögermedi, şor boldy” diýseň, haýyş etseň planyňy ýeňledýärler.

Azatlyk Radiosy: Daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirer ýaly, olaryň bol hasyl almaklary üçin, döwlet tarapyndan nähili goldaw gerek diýip hasaplaýarsyňyz?

Meňli: Şul zeýkeş nemesi ýetenok-da, şu zeýkeş. Zeýkeş bolanda, şony onsoň iýmitlerini berseňem şol şorlar ýuwlup zeýkeşe gitse, ýer süýjese, onda gögeriş alyp boljak. Şo deregne, köp ýerde zeýkeş ýok.

Azatlyk Radiosy: Dökünler ýeterlikmi? Wagtynda alyp bilýäňizmi?

Meňli: Hawa, ony berýär. Ýeterlik berip dur; azot, fosfor. Işleseň, zähmet çekseň bolup dur. Ýöne şol şorlukdan kösenýäs biz.
XS
SM
MD
LG