Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident häkimleri tankytlaýar: nähili düşünmeli?


Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynda welaýat häkimlerini maksatnamalarda bellenen wezipeleri haýal amala aşyrýanlykda tankytlap gelýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynda welaýat häkimlerini maksatnamalarda bellenen wezipeleri haýal amala aşyrýanlykda tankytlap gelýär.
Fewral aýynda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçirilip, Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentligiň ikinji möhletine saýlanaly bäri, ol hökümet maslahatlarynda welaýat häkimlerini maksatnamalarda bellenen wezipeleri haýal amala aşyrýanlykda tankytlap gelýär. Ol käbir welaýatlarda 2008-2011-nji ýyllar aralygynda gurluşygy tamamlanmagyna garaşylýan proýektleriň arasynda henize çenli gurluşygyna asla girişilmedik proýektleriň hem bardygyny öňe sürdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylaryň şowsuzlygyny aç-açan boýun alyp, takyk sanlar bilen çykyş edip başlamagy ençeme synçylar üçin täzelik bolup görünýär. Muňa nähili düşünmeli we onuň sebäbi näme bolup biler?

Ilatyň durmuşy, ýurtda alnyp barylýan syýasat bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew:

– Adam belli bir möwrit işländen soňra, durmuş hakykatyna göz ýetirip ugraýar. Berdimuhamedow indi ikinji möhlet prezidentlige saýlandy, ondan öň hem ol uzak ýyllaryň dowamynda hökümetiň düzüminde bolan adam. Pöwhe gürrüňler bilen, ýalan hasabatlar bilen jemgyýeti öňe alyp gitmegiň mümkin däldigine, şeýle hem jemgyýetde adamlaryň ynamyndan peýdalanmagyň mümkin däldigine gözi ýeten tejribeli syýasatçy hökmünde orta atan pikiri diýip, hasap edýän.

Prezident ýurduň üç welaýatynda alnyp barylýan işleri tankyt etdi. Diýmek, ýurt boýunça boýun alnan ýa-da planlaşdyrylan işler, umuman, amala aşyrylýar, ýöne juda haýal, juda pyşdyl ýöreýşi [bilen], ýabygorly ýagdaýda amal edilýändigine güwä geçýär. Diýmek, o kadrlar hökman çalşyrylmaly, sebäbi ol [adamlaryň] galp hasabat, ýaranjaň hereketler bilen ýaşap ýörendiklerini görkezen fakt boldy prezidentiň o tankydy.

Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysadyýetçi Annadurdy Hajyýew:

– Gurluşyklaryň wagtynda tabşyrylmaýandygynda diňe häkimleri günäkärlemek nädogry. Prezidentiň anyk sanlary getirip, 2008-2011-nji ýyllar üçin kabul edilen maksatnamalaryň doly ýerine ýetirilmändigini boýun almagy oňyn zat, ýöne ýurtda aç-açanly ýeterlik däl. Belli bir gurluşyga tender yglan edilende, oňa näçe serişde goýberilýändigi, bu desganyň anyk haçan tabşyrylmalydygy aýdylmaly. Prezident hut häzir tankydy çykyşlary etmek bilen, ýurtdaky ýagdaýlardan habarlydygyny görkezmek isleýän bolmagy mümin, kadrlar çalşygyny amala aşyrmaga taýýalyk görýän bolmagy-da mümkin.

Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Umumytaryh institutynyň uly ylmy işgäri, professor, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Artýom Ulunýan:

– Türkmenistanyň prezidentiniň işleriň haýal amala aşyrylmagy baradaky meseläni gozgamagyna iki zadyň sebäp bolan bolmagy mümkin. Birinjiden, prezident gazandan bugy çykarmak isleýär. Ýagny, halkda ýygnalýan gahar-gazaby ýumşatmak üçin häkimleri tankytlaýar. Ikinjiden bolsa, täze kadrlary tapmak meselesi ör boýuna galýar. Nyýazowyň döwründen soň kadrlar meselesinde dörän örän agyr ýagdaý henize çenli dowam edip gelýär. Şonuň üçin häzir kwalifisirlenen kadrlary tapmak gaty kyn. Kadr ýetmezçiligi Türkmenistanda uly problemalaryň biri. Bu kynçylyk ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine, şol sanda dürli maksatnamalaryň gijikdirilmän wagtynda amala aşyrylmaga uly böwet döredýär.
XS
SM
MD
LG