Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen syýasy tussaglary barada alada bildirildi


"ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň maglumatyna görä, Özbegistan we Türkmenistan syýasy tussaglaryň sany boýunça postsowet giňişliginde iň öňdäki orunlarda durýar".

"ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň maglumatyna görä, Özbegistan we Türkmenistan syýasy tussaglaryň sany boýunça postsowet giňişliginde iň öňdäki orunlarda durýar".

Graždan azatlyklaryny goraýjylar Merkezi Aziýanyň tussaglykdaky oppozisiýa liderleriniň, dindarlarynyň we žurnalistleriniň “atlaryny agzap”, olary goldamagy dowam etdirmäge Birleşen Ştatlara çagyryş etdiler. Bu mesele ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň 15-nji maýda Waşingtonda geçiren maslahatynyň gün tertibinde boldy. Bu maslahatda Türkmenistandaky käbir syýasy tussaglaryň hem atlary tutulyp, olaryň ýagdaýyna üns çekildi.

ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň maglumatyna görä, Özbegistan we Türkmenistan syýasy tussaglaryň sany boýunça postsowet giňişliginde iň öňdäki orunlarda durýar. Syýasy tussaglara çemeleşmekde Merkezi Aziýa döwletleri biri-birinden tapawutlansa-da, regionyň bäş ýurdunyň ählisiniň hem graždan azatlyklarynyň ýagdaýy boýunça alada döredýändikleri aýdylýar.

“Özbegistanda adam hukuklaryny goraýan aktiwistler, žurnalistler we käbir dini guramalaryň wekilleri çäklendirilen kanunlaryň we syýasatyň pidalary bolýarlar” diýlip, ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň beýanatynda nygtalýar. “Türkmenistanda syýasy oppozisiýa we adam hukuklaryny goraýan aktiwistler nyşana alynýar. Gyrgyzystanda 2010-njy ýylyň iýun aýyndaky etniki bidüzgünçiliklerden soň geçirilen sud diňlenişiklerinde tarap tutulyp, etniki özbeklere we olary goldaýan aktiwistlere garşy hereketler edildi. Täjigistan din boýunça kanuna çäklendirmeler girizdi. Gazagystan bolsa geçen ýylyň ahyrynda turan gozgalaňy zor bilen basyp ýatyrmak hereketleriniň çäginde oppozisiýa agzalaryny tussag etdi”.

Maslahatda aýdylmagyna görä, käbir hökümetler regionda asudalygy saklamaklygy we ekstremizme garşy göreşi möhüm hasaplamak bilen, syýasy aktiwligi, garaşsyz žurnalistleri, graždan jemgyýetini we din azatlyklaryny çäklendirýän kanunlary bilen tapawutlanýarlar. Brifingde bu meselelere garalyp, şol ýurtlardaky syýasy tussaglaryň ýagdaýlaryna üns çekildi.

"Aýdyňlyk ýok"

Maslahaty alyp baran ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň başlygy Kristofer H. Smit Türkmenistanyň ýagdaý barada eden belliklerinde ýurtdaky repressiýanyň gaty ýokarydygyny we syýasy tussaglaryň sanyny anyklamaklygyň hem juda kyndygyny aýtdy. “Adalat sistemasynda aýdyňlyk ýok, köp halatlarda sudlar ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär” diýip, Smit belledi.

Smit Türkmenistanda tussag edilen hukuk goraýjy aktiwistleriň käbiriniň atlaryny tutup, olaryň ýagdaýyna ünsi çekdi. “Olaryň arasynda Annagurban Amangylyjow, Sapardurdy Hajyýew, we olaryň kärdeşi Ogulsapar Myradowa dagy bar. Ogulsapar höküm çykarylandan iki hepde soň aradan çykdy. Onuň gynamalar sebäpli ölendigi aýdylýar” diýip, Smit sözünüň üstüni ýetirdi.

Helsinki Komissiýasynyň başlygy birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň 50 töweregi syýasy tussagyň ykbaly barada maglumat bermekden ýüz öwrüp gelýändiklerini belledi. Olar 2002-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň “janyna kast etmäge synanyşyk” diýilýän wakada aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdiler. “Olaryň arasynda ozalky daşary işler ministrleri Boris Syhmyradow we Batyr Berdiýew barada 2002-nji ýyldan bäri hiç hili maglumat ýok” diýip, Smit türkmen syýasy tussaglaryň atlaryny tutdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystandaky missiýasynyň çäginde regionda adam hukuklaryny gödek bozýan we azatlyklary çäklendirýän ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hem gatnaşyklaryny barha giňeldýär. Helsinki Komissiýasynyň sişenbe güni geçirilen maslahatynda şeýle gatnaşyklaryň Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna oňaýly täsir etmegi üçin, onuň degişli gurallar bilen üpjün edilmelidigine üns çekildi.
XS
SM
MD
LG