Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Putin öz ilkinji döwlet saparyny Belarusdan başlamakçy


Ýakynda Orsýetiň prezidentligine saýlanan Wladimir Putin özüniň bu wezipedäki ilkinji döwlet saparyny Belarusa amala aşyrjakdygyny mälim etdi.

Orsýetiň prezident administrasiýasynyň maglumatyna görä, prezident Putin 31-nji maýda Belarusyň paýtagtyna iki günlük sapar bilen barar. Ondan soň onuň sapar etjek ýurtlarynyň hatarynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Hytaýyň bardygy aýdylýar.

Geçen hepde Kremliň administrasiýasy prezident Putiniň juda işlidigine salgylanmak bilen, onuň şu maý aýynyň ahyrynda Birleşen Ştatlarda geçjek G-8 toparynyň sammitine gatnaşmajakdygyny mälim edipdi. Şol sammitiň çäklerinde ol ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen hem duşuşmalydy.
XS
SM
MD
LG