Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransuz hökümeti çinownikleriň aýlyk haklaryny azaltmakçy


Fransiýanyň täze wezipä bellenen premýer-ministri Jan-Mark Ero ýurduň täze hökümetiniň ilkinji maslahatynda prezidentiň we hökümet agzalarynyň aýlyk haklaryny 30 prosent töweregi azaltmak plany bilen bagly meselelere garaljakdygyny aýtdy.

Ýakynda Fransiýanyň prezidentligine saýlanan Fransua Olland özüniň saýlaw kampaniýasynyň barşynda ýokary derejeli hökümet resmileriniň aýlyk haklaryny azaltmaklyga söz beripdi.

Ondan tapawutlylykda, ýurduň ozalky prezidenti Nikolýa Sarkozi 2007-nji ýylda prezident saýlananda, öz aýlyk hakyny birnäçe esse ýokarlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG