Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada protestler dowam edýär


Ors oppozisiýasynyň aktiwisti Kudrinskaýa meýdançasynda, 16-njy maý.
Ors oppozisiýasynyň aktiwisti Kudrinskaýa meýdançasynda, 16-njy maý.
Hepdäniň penşenbe güni daňdan ors oppozisiýasynyň ýüzlerçe aktiwisti Moskwanyň Kudrinskaýa meýdançasynda ýerleşip, oppozisiýanyň indiki ädimleri barada maslahat geçirdi.

Topary dargatmak üçin bu ýere polisiýanyň işgärleri hem üýşdi. Emma polisiýa iki sany protestçini tussag etmäge synanyşanda, polisiýanyň awtobusynyň daşynda üýşen protestçiler bu transport ulagyna zeper ýetirdiler. Polisiýa çak bilen 30 adamy, şol sanda “Solidarnost” oppozision toparynyň lideri Ilýa Ýaşini tussag etdi.

Syýasy aktiwlik

Oppozisiýanyň liderleriniň polisiýa tarapyndan tussag edilmegi oppozisiýanyň tarapdarlarynyň sanynyň artmagyna getirdi. Hususan-da Gleb Pawlowskiniň, Olga Romanowanyň, Kseniýa Sobçagyň we Iwana Starikowanyň tussag edilmeginden soň, protestçileriň sany 2,000 müň adama ýetipdi.

Polisiýanyň metbugat gullugy aktiwistleriň biriniň polisiýanyň işgärine hüjüm edenligini aýtdy.

Kudrinskaýa meýdançasyndan internet arkaly maglumat ýaýradan “Nowaýa Gazeta” neşirine görä, tussag edilenleriň Ilýa Ýaşin we Wadim Korowinden başgasy soňra boşadylypdyr.

Habar berilmegine görä, polisiýa bu ýerde öz işgärlerinden düzen gurşawyny gowşadypdyr, emma bu ýerde öz güýçlerini galdyrypdyr. Polisiýanyň işgärleri gijäniň dowamynda “Kudrinskaýa” meýdançasynda bolan protestçileriň bu ýerde uklamagyna ýol bermän, her bir adamy oýaryp durupdyr.

Syýasy dialog

Oppozisiýanyň wekilleri protestleriň dowam etdirilmegi üçin polisiýa resmileri we Moskwanyň meriniň orunbasary Aleksandr Gorbenko bilen gepleşik geçirýärler.

Kudrinskaýa meýdançasyndaky protestçileriň polisiýa dargadýança bu ýerde galmalymy ýa-da başga bir ýere göçmelimi diýen meseläni maslahat edýänligini “Nowaýa Gazeta” neşri habar berdi.

Orsýetiň “Kommersant” gazetiniň şäher häkimiýetiniň resmisi Ýelena Tkaça salgylanyp habar bermegine görä, häkimiýetleriň “Kudrinskaýa” meýdançasynda ýerleşýän protestçileriň ýygnanyşygyna “festiwal” statusyny bermekleri mümkin.

Kudrinskaýa meýdançasyndaky aksiýa Wladimir Putiniň üçünji prezidentlik möhletine girişmegine garşy 6-njy maýda başlanan we şu günki güne çenli dowam etdirilýän protestleriň çägindäki täze pursatlaryň biri.

Oppozisiýanyň tarapdarlary başda “Çistyýe Prudy” bulwarynda ornaşypdy. Bu ýerde jemlenen protestçileriň sany gündiz müňlerçe adama ýetýärdi. Hepdäniň sişenbe güni Moskwanyň sudy ýerli ýaşaýjylaryň şikaýatlaryna esaslanýanlygyny aýdyp, oppozisiýanyň bu lagerini ýok etmek kararyny yglan edipdi.

Hepdäniň çarşene güni irden polisiýa suduň bu kararyny ýerine ýetirmek işine girişip, protestçileri kowup başlady. Günüň aýagynda protestçiler “Çistyýe prudy” bulwaryndan “Kudrinskaýa” meýdançasyna göçüp barypdy.
XS
SM
MD
LG