Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: premýer-ministr prezidentiň “aýbyny” açdy


Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow Brýusselde Ýewropa Bilşeleşigi-Ukraina hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyndan soň metbugat konferensiýasynda soraglara jogap berýär. Brýussel, 15-nji maý, 2012.

Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow Brýusselde Ýewropa Bilşeleşigi-Ukraina hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyndan soň metbugat konferensiýasynda soraglara jogap berýär. Brýussel, 15-nji maý, 2012.

Şu hepde Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow 2010-njy ýylda prezident Ýanukowiçiň gaz barada Orsýet bilen gol çeken ylalaşygynyň ýurda göze ilerlikli bir bähbit getirmändigini boýun alyp, çykyş etdi. Ol bu barada Ýewropa Parlamentinin deputatlary bilen duşuşygynda aýtdy.

Bu gürrüňi edilýän ylalaşyga Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Orsýetiň şol wagtky prezidenti Dmitriý Medwedew bilen 2010-njy ýylyň aprelinde Harkow şäherinde gol çekipdi.

Aýdylan sözler dogry çykmady

Şonda Ukrainanyň häkimiýetleri we mediasy bu wakany Kiýewiň utuşly bir uly ädimi hem-de Orsýet-Ukrain gatnaşyklaryndaky öwrülişikli bir waka hökmünde häsiýetlendiripdiler.

Şol gaz ylalaşygynyň çäklerinde-de prezident Ýanukowiç Orsýetiň Gara deňiz flotunyň Ukrainanyň Krym ýarym adasynda 2042-nji ýyla çenli galmagyna öz razylygyny beripdi. Ol şonda muny Moskwanyň öz gazynyň bahasyny 30 prosent arzan bahadan satmaga razy bolandygy üçin edilen eglişik hökmünde düşündirip, açyk çykyş edipdi.

Emma, bu edilen beýanatlara garamazdan, 16-njy maýda eden çykyşynda Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow Orsýetiň gazynyň bahasynyň hakykat ýüzünde arzanladylmandygyny boýun aldy.

Şeýlelikde, ol Orsýetiň Gara deňiz flotunyň Sewastopoldaky kärende möhletiniň uzaldylmagynyň gazyň bahasy bilen baglanyşykly bolmandagyny mälim etdi.

Oppozisiýanyňky dogrumy?

Ukrainanyň “Naşa Ukraina” oppozision partiýasyndan parlament deputaty Taras Steçkow premýer-ministr Azarowyň häzirki boýun almasynyň oppozisiýanyň bu barada şu çaka çenli öňe sürüp gelen delillerini tassyklaýandygyny aýtdy.

Ol prezident Ýanukowiçiň Orsýetiň Gara deňiz flotunyň Sewastopolda galmak möhletini uzaltmagynyň Ukrainanyň döwlet bähbitlerine wehim salýan bir çäre bolandygyny we Orsýetiň öz gazynyň bahasynda hiç hili eglişige gitmek niýetiniň-de ýokdugyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de, premýer-ministr Azarowyň eden bu çykyşy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň 2009-njy ýylda Ukraina üçin bähbitsiz gaz kontraktyna gol çekendigi barada bildirilýän aýyplamalaryň näderejede esaslydygyny şübhe astynda goýdy.

Geçen ýyl Ukrainanyň sudy Ýuliýa Timoşenko şol ozalky gaz kontrakty bilen baglanyşykly meselede öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalalanlykda aýyplap, ony ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG