Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň raýaty watana dönüklikde we içalyçylykda günäli tapyldy


Anna güni Orsýetiň Ýekaterinburg şäheriniň sudy ýurduň harby kompaniýasynyň ozalky işgäri Aleksandr Gniteýewi gizlin harby maglumatlary daşary ýurt razwedkasyna berenlikde aýyplap, ony 8 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud Aleksandr Gniteýewi Orsýetiň ballistik raketalaryna degişli gizlin maglumatlary daşarky bir ýurda berenlikde aýyplap, ony watana dönüklik etmekde we içalyçylykda günäli tapdy. Suduň karary bilen ol aýratyn berk goragly türmede saklanar.

Orsýetiň habar serişdeleri Aleksandr Gniteýewiň Orsýetiň suwasty gämileri üçin niýetlenen “Bulawa” atly ballistik raketalaryň syryny daşarky ýurda aýan edendigini habar berýär. Ýöne bu maglumatlary onuň haýsy ýurda berendigi barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG