Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedýarowa hüjüm edenleriň biri öz günäsini boýun aldy


Gazagystanly žurnalist Lukpan Ahmedýarowa hüjüm edenlikde aýyplanýanlardan biri özüniň hakykatdanam žurnalisti öldürmäge synanyşandygyny boýun alypdyr.

Bu barada aýyplanýanyň aklawçysynyň sözlerine salgylanmak bilen, media azatlygy boýunça Gazagystandaky “Adil söz” atly garaşsyz gurama habar berýär.

Bu guramanyň maglumatyna görä, Günbatar Gazagystan oblastyndaky Žympityý obasynyň ýaşaýjysy özüniň hakykatdanam žurnalist Ahmedýarowy öldürmekligi planlaşdyran toparyň düzümine girendigini meýletinlik bilen boýun alypdyr. Ýöne bu aýyplanýanyň anyk şahsyýeti barada maglumat berilmeýär.

Şu ýylyň 19-njy aprelinde Gazagystanyň Ural şäherinde näbelli adamlar ýerli žurnalist Lukpan Ahmedýarowa hüjüm edip, ony ençeme ýerinden pyçaklanlarynda, ol diri galypdy.
XS
SM
MD
LG