Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda G-8 toparynyň liderleriniň sammiti açyldy


Anna güni Waşingtonyň eteginde G-8 toparyna girýän döwletleriň liderleriniň ýörite sammiti açyldy.

Dünýäniň ykdysady taýdan ösen sekiz döwletiniň liderleriniň geçirýän bu sammitinde, esasan, Ýewropanyň maliýe krizisi we Siriýadaky syýasy krizisler ýaly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Bu sammite ýakynda Fransiýanyň prezidentligine saýlanan Fransua Olland hem gatnaşýar. Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putiniň ýerine bu sammite Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew gatnaşýar.

G-8 toparyna Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we Orsýet girýär.
XS
SM
MD
LG