Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda müňe golaý tussaga günä geçişlik yglan edildi


Anna güni Türkmenistanda Konstitusiýa güni, şeýle hem Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet güni bellenilip geçilýär. Bu waka bagyşlanylyp, ýurduň dürli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri gurnaldy.

Bu waka gabatlap, penşenbe güni Turkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow müňe golaý tussagyň günäsini geçmek barada permana gol çekdi.

Bu permana laýyklykda, bu gezekki günä geçişlikde Türkmenistanyň raýatlarynyň 987-si, daşary ýurtlaryň raýatlarynyň hem 35-si türkmen türmelerinden boşadylar.

Penşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda şu baýramçylyga görülýän taýýarlyklar hem-de käbir möhüm dokumentleriň proýektleri barada gürrüň edildi.
XS
SM
MD
LG