Sepleriň elýeterliligi

Lebap: goşun gullugyna nobatdaky çagyryş


Türkmenabat şäher harby wekilliginde, maý, 2012.

Türkmenabat şäher harby wekilliginde, maý, 2012.

Türkmenabat şäher harby wekilliginiň öňi şu günler adamdan doly. Harby wekilhananyň gapysynyň öňündäki agaçlaryň kölegesinde oturanlaryň arasynda 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli adamlar bar. Olaryň gözleri harby wekilhanadan çykýan ofiserlerde, gulaklary bolsa şol ofiserleriň aýtjak sözlerinde. Bu ýerdäki märekäni gyzyklandyrýan esasy mesele - şu möwsümde goşun gullugyna ugraýan ýigitleriň nirä düşjegi.

Ýurduň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, şu günler Lebap welaýatynda-da ýaşy ýeten ýigitleri goşun gullugyna çagyryş we harby gullugy tamamlanlary gullukdan boşadyş işleri dowam edýär. Harby gulluga gidýänler barada aýdylanda, Lebabyň haýsy künjeginde ýaşaýandygyna garamazdan, gulluga gidýän ýigitleriň ählisi şu harby wekilhanadan ugradylýar.

Gulluga barýan ogly barada habara garaşyp oturanlardan biri hem özüni Gülnar diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky lebaply zenan. Ol şu gün gowy habar aljagyna umyt edýär. “Şu günki oglanlar Aşgabadyň harby bölümlerine ugradylýar diýip eşitdik. Hudaýym, şeýle bolaýady-da. Ýekeje oglum bar. Olam bu gün gulluga gidýär?” diýip, Gülnar daýza ýüzüme soragly seretdi.

Türkmenabat şäher harby wekilliginde, maý, 2012.

Türkmenabat şäher harby wekilliginde, maý, 2012.

Gülnar daýzanyň oglunyň Aşgabadyň harby bölümleriniň birine düşmegini arzuw etmeginiň sebäbi bar. Ol harby gullukda henizem dowam edýänligi aýdylýan “dedowşina” problemasy bilen bagly.

“Uly şäherlerdäki harby bölümler gowy bolýar. Ol ýerlere tiz-tizden ýokarky harby ministrliklerden barlag baryp durýar diýilýär. Şol sebäpden bidüzgünçilikler az bolýarmyş” diýip, ogluny gulluga ugradýan Gülnar daýza aýtdy. Gülnar daýzanyň “dedowşina” barada öňe sürýän bu pikiri onuň töwereginde özi ýaly habara garaşyp oturan käbir beýleki raýatlar tarapyndan hem gozgaldy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdelerinde bu barada maglumat berilmeýär. Emma, käbir halkara habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň harby goşunynda “dedowşina” problemasy esasan milletçilik, tire-taýpaçylyk esasynda ýüze çykýar. Eurasianet.org internet sahypasynyň maglumatyna görä, şol kemsitmeler dürli görnüşde bolup geçýär, olaryň arasynda dil üsti bilen kemsitmek, ýençmek, hatda jynsy zorluk ýaly wakalaryň hem bardygy aýdylýar. Şeýle wakalaryň kä halatlarda adam ýitgisine sebäp bolýandygy-da bellenýär. Emma Türkmenistanda bu ugur boýunça statistiki maglumatlar halk köpçüligine elýeterli däl.

Türkmenabat şäher harby wekilliginde, maý, 2012.

Türkmenabat şäher harby wekilliginde, maý, 2012.

Şol bir wagtyň özünde-de, “dedowşina” wakalary diňe Türkmenistanda däl, käbir beýleki postsowet ýurtlarynda hem wagtal-wagtal ýüze çykýar. Eurasianet.org internet neşiriniň maglumatyna görä, 2010-nji ýylda Ermenistanda “dedowşina” bilen bagly 176 harby ofiser sud jogapkärçiligine çekilipdir. Gazagystanda hem harby gulluga täze baranlaryň kemsidilmegi bilen bagly waka boýunça 2010-nji ýylda 160-dan gowrak harby ofisere garşy aýyplama bildirilenligi hakda maglumat berilýär.

Türkmenabadyň harby wekilhanasynyň öňünde oturan Gülnar daýza edil şeýle wakanyň öz ýekeje perzendiniň başyna gelmeginden howatyrlanýar. “Esgerler ulusy-kiçisi, ählisi dogan ýaly biri-birleri bilen ylalaşyp gulluk etseler gowy boljak, ene-atalaram arkaýyn boljak, ýolbaşçylaram bu barada aýgytly çäre görmezlermikä?!” diýip, Gülnar daýza sözüni jemledi.

Şol bir wagtyň özünde-de, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň harby goşunynda ýagdaýlaryň gowulyga tarap özgerýändigi barada hem maglumatlar gowuşýar. Bu gowulaşmanyň esasan hem esgerleriň geýim-gejiminde, iýmit şertlerinde göze ilýänligi aýdylýar.

Türkmenistanyň kanunlaryna görä, ýurtda ýaşy ýeten her bir sagdyn erkek iki ýyl harby goşunda gulluk etmäge borçludyr. Bu möhlet ýokary bilimli ýigitler üçin bir ýyl diýlip kesgitlenen.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG