Sepleriň elýeterliligi

Kim owgan howpsuzlygyny maliýeleşdirmek isleýär?


Owganystanyň paýtagty Kabulda, 2012-nji ýylyň 2-nji maýy.

Owganystanyň paýtagty Kabulda, 2012-nji ýylyň 2-nji maýy.

Ykdysady taýdan kynçylyk çekilip ýörkä, birinden maliýe kömegini soramak aňsat däl. Ýöne NATO-nyň 20-21 maýda Çikagoda geçjek sammitinde Waşingtonyň ýeňip geçmeli kynçylygy edil şu mesele.

2014-nji ýylda çet ýurtly güýçler çekilenden soň, Owganystanyň howpsuzlyk hajatlarynyň jemini çykarmak barada geçirilmeli bu sammit maliýe maslahaty däl. Ýöne onda esasy tema 2014-nji ýyldan soň Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine zerur bolan ýyllyk 4 milliard dollar puly kim tölär diýen sorag bolsa gerek.

Esasy problema Waşingtonyň ýewropaly NATO ýaranlarynyň berere köp pulunyň ýoklugy. Munuň sebäbi hem ýewro zonasynyň häzir krizis içinde bolmagy.

Bu harajatyň üçden iki bölegini Birleşen Ştatlaryň tölärine garaşylýar. Ýöne öten aý amerikan resmileri NATO ýaranlaryny 2014-nji ýyldan soň ýylda jemi 1,3 milliard dollar goşant goşmaga çagyrdylar. Şu wagta çenli diňe Germaniýa ýylda 193 million, Britaniýa 110 million, NATO agzasy däl Awstraliýa hem ýylda 100 million dollar bermegi wada etdi.

Ýeterlik pul barmy?

Şweýsariýanyň howpsuzlyk syýasaty baradaky Ženewa merkeziniň işgäri Graeme Herd bu kynçylygy şeýle düşündirýär:

– NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmusseniň 2011-nji ýyl üçin taýýarlan ýyllyk hasabatyna seredeniňde, ol agzalaryň näçesiniň harby we goranmak işleri üçin öz tutuş içerki öňüminiň iki prosentini sarp etmek barada beren wadasyny ýerine ýetirmänligini aýdýar. Bularyň köpüsiniň eden çykdajysy bir prosent hem däl. Bu Ýewropanyň işiniň batandygyny, pulunyň ýokdugyny görkezýär.

Herdiň pikiriçe, NATO-nyň ýewropaly agzalary Birleşen Ştatlaryň gysyşyna göni "ýok" diýmez. Ýöne olar bu ýüki ýeňletmek üçin goşjak goşantlaryny berk şertlere bagly ederler.

Ýewropa ýurtlarynyň muny ret edip bilmejekdiginiň bir sebäbi jemgyýetçilik pikiridir. Henning Riekke Germaniýanyň Daşary gatnaşyklar baradaky geňeşiniň işgäri. Ol şeýle diýýär:

– Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bu ýüküň bir bölegini çekmek barada syýasy isleg ýok däl. Owganystanyň howpsuzlyk we polisiýa güýçlerini goldamagy dowam etdirmegiň söweş güýçlerini ol ýerden abraýly çykarmak uçin tölenýän bahadygy belli zat.

Goňşularyň goşandy

Londonda ýerleşýän "Chatham House" institutynyň işgäri Gares Praýsyň aýtmagyna görä, Günbatar bu meselede Owganystanyň goňşularynyň hem goşant goşmagyny isleýär. Onuň pikiriçe, esasy aktýor Hindistan:

– Hindistanyň Owganystanda giňden tanalýandygy, umuman, ykrar edilýär. Ol bu ýerde köp ösüş işlerini alyp barýar. Ýöne ol howpsuzlyk saýawanyndan hem peýdalanýar. Bu logika magdan känlerinde köp maýa goýan Hytaý barada hem ýörgünli.

Maliýe goşandyny goşmagy mümkin ýene bir ýurt – Orsýet. Daşary işler ministri Segeý Lawrow aprel aýynda Moskwanyň çet ýurtly güýçler Owganystadan çekilenden soň neşe söwdasynyň we terrorizmiň artmagyndan gorky edýändigini aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Rasmussen hem Orsýet, Hytaý we beýleki ýurtlaryň maliýe goşandynyň oňat garşylanjakdygyny aýtmak bilen, muňa oňaýly jogap berdi. Ýöne bu ugurda edilýän gürrüňleriň ilerländigini görkezýan alamat entek ýok.
XS
SM
MD
LG