Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Magtymgulynyň şygyrýet güni


Adat bolşy ýaly, çäre şahyra Gözel Şagulyýewanyň çykyşy bilen başlandy.
Adat bolşy ýaly, çäre şahyra Gözel Şagulyýewanyň çykyşy bilen başlandy.
Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgulynyň şygyrýet güni mynasybetli 17-nji maýda Aşgabatda döredijilik işgärleriniň edebi çykyşlary gurnaldy. Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärliginiň öňünde geçirilen bu edebi çärä ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň we adaty raýatlaryň ençemesi gatnaşdylar.

Çärä tomaşa etmäge baranlaryň aglabasy aýal-gyzlardan ybarat bolup, olaryň arasynda mugallymlardan başlap lukmanlara, şepagat uýalaryna, terbiýeçilere çenli dürli kärler bilen meşgullanýan adamlary görmek bolýardy.

Adat bolşy ýaly, çäre şahyra Gözel Şagulyýewanyň çykyşy bilen başlandy. Ol Magtymgulynyň “Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi” diýen setirlerini ýatladyp, Pyragynyň şol setirlerine özüniň jogabyny ýazanlygyny aýtdy.

– Owadan diýarymyzyň, şu ýeten derejämiziň hemmesini görüp, Magtymguly Pyragyň özüne şeýle jogap berdim:

Ýylgyr diýar, bagty çüwen diýar,
Biziň ilde döwran bu gün,
Ýagtylan açyk göwünler,
Alyslara rowan bu gün.


Magtymgulynyň şygyrýet gününe bagyşlanyp geçirilýän bu dabarada, açylanyndan kän wagt geçmänkä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady ýaňlanyp başlandy. Sözüň eýesi şahyra Şagulyýewa bolup, ol çykyşyny şeýle sözler bilen tamamlady:

– Hemişe söýginiň gujagynda ýaşaň. Söýgi adamy garradýan däldir. Hemişe juwan edýändir. Hormatly prezidentimiziň öz dünýäsi owadandyr, reýhandyr, juwandyr.

Ene bolup guwanaram daşyňdan,
Bir owadan syrdam boýly dereksiň.
Aýlanaýyn akyl doly başyňdan,
Sen ilime perman ýaly gereksiň,
Sen ilime howa ýaly gereksiň.


Suratlar: Aşgabat, 2012-nji ýylyň 18-nji maýy.

Şagulyýewadan soňra çärede çykyş edenlerden biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew bolup, ol öz çykyşyna häzirki zaman türkmenistanlylaryň bagtyýarlykda ýaşaýandygyny nygtamak bilen başlady:

Beýik yhlasyndan prezidentimiziň
Göterilip beýgelýär gülleýär diýar.
Ýollar ak, ruhumyz belentdir biziň
Berkarar döwletde iller bagtyýar.


Çärede çykyş eden şahyrlaryň ählisi iki sany goşgy okadylar. Goşgularynyň ilkinjisinde häzir döwlet derejesinde ykrar edilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” wasp edilen bolsa, olaryň ikinji goşgularynda esasan Magtymgulynyň şahsyýeti häzirki döwür bilen utgaşdyrylypdyr.

Her ýyl geçirilýän bu çärä paýtagtyň intelligensiýa wekillerinden gatnaşmaýanlaram bar. Adynyň agzalmagyny islemedik aşgabatly medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, “medeniýet işgärleriniň we ýazyjylaryň belli bir gatlagy ýurtda geçirilýän Magtymgulynyň şygyrýet günleriniň syýasy propoganda öwrülmegine garşy”. Şol sebäpdenem, bu çärelere öz islegi bilen barýan intelligensiýa wekilleriniň azdygyny aýdyp, ol sözüni şeýle dowam etdirdi:

– Bu senä bagyşlanyp geçirilýän çärelerde okalýan goşgularyň, aýdylýan aýdymlaryň mazmuny hem bu çäreleriň aşa syýasatlaşdyrylandygyny subut edýär. Geçirilýän çäreleriň edebiligi ýok.

Bu çäräniň geçirilýän ýerinde Magtymgulynyň şygyrýet günlerine bagyşlanyp gurnalan kitap sergisindäki kitaplaryň aglabasy Türkmenistanyň prezidentiniň ýazandygy aýdylýan kitaplardan hem-de prezident barada ýazylan kitaplardan ybarat bolup, medeniýet işgäri bu ýagdaýyň hem özüniň lapyny keç edendigini aýtdy.

– Eger beýik şahyra bagyşlanan çäreler diňe onuň şahsyýeti bilen bagly temalara gönükdürülse, onda bu çärelere öz islegleri bilen geljek adamlar az bolmaz. Häzirki mejbury getirilýän tomaşaçylar bolsa sahnada näme bolup geçýändigi bilen gyzyklanananoklaram.

Aşgabatda geçirilen bu çärede aýdym-saz toparlary hem çykyş etdiler. Emma olaryň çykyşlary tomaşaçylarda o diýen gyzyklanma döretmedi.

Magtymhulynyň şygyrýet baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu çäre şeýle dabaralardan diňe biri bolup, hepdäniň dowamynda tutuş ýurt boýunça dürli çäreler, dabaralar gurnaldy.
XS
SM
MD
LG