Sepleriň elýeterliligi

Bahreýn Eýrana duýduryş berdi


Bahreýniň patyşasy Hamad bin Issa al-Halifa (sagda) Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah bin Abdul Aziz al-Saud bilen Manamada, 2012-nji ýylyň 18-nji apreli.

Bahreýniň patyşasy Hamad bin Issa al-Halifa (sagda) Saud Arabystanynyň patyşasy Abdullah bin Abdul Aziz al-Saud bilen Manamada, 2012-nji ýylyň 18-nji apreli.

Tähran bilen arap ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlylyk ýene-de güýçlendi. Tähran Bahreýniň Saud Arabystany bilen bileleşik döretmegine garşy protest aksiýalaryny planlaşdyrdy.

Hepdäniň penşenbe güni Bahreýniň daşary işler ministri şeýh Haled bin Ahmad Al Halif Eýrany arap ýurtlary bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrmakda aýyplady we yslam respublikasynyň “goşulyşmaga synanyşyklarynyň” erbet netijeleri üçin jogap bermeli boljagyny duýdurdy.

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, ýurduň Daşary işler ministrligi Bahreýniň ilçisini çagyryp, şeýh Halediň eden çykyşyndan Tähranyň nägiledigini duýdurypdyr.

Bahreýn tarapynyň resmi beýanatlary Eýranyň 18-nji maýda bileleşige garşy demonstrasiýalary geçirmäge çagyryşyndan soň peýda bolupdy.

Bileleşmek meselesi 14-nji maýda Pars aýlagynyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitinde maslahat edilipdi, emma hiç bir netijä gelinmändi.

Bu teklip regionyň alty döwletiniň arasyndaky integrasiýa prosesini güýçlendirmek üçin ilkinji ädim hökmünde öňe sürlüpdi.

Tähranyň pozisiýasy

Eýranyň daşary işler ministri Ramin Mehmanparast hepdäniň penşenbe güni eden çykyşynda “teklip edilen bileleşigiň Bahreýniň Saud Arabystany tarapyndan basylyp alynmagyna” we Pars aýlagynyň bu kiçijik adasynyň doly ýitip gitmegine getirjegini aýtdy.

Ramin Mehmanparast şeýle planlaryň Bahreýndäki krizisi has-da güýçlendirjegini hem belledi. 2011-nji ýylyň fewral aýynda ýüze çykan zorluklar onlarça adamyň heläk bolmagyna sebäp bolupdy.

Protestleriň guramaçysy bolan Eýranyň Yslamy ýaýbaňlandyrmak boýunça utgaşdyryjy geňeşi ýurduň raýatlaryny “Bahreýniň Saud Arabystany tarapyndan basylyp alynmagy boýunça amerikan planlaryna garşy çykyş etmäge” çagyrdy.

Şu hepdäniň başynda Eýranyň parlamentiniň spikeri Ali Larjany “eger Bahreýn haýsy-da bolsa bir ýurt bilen birleşmek islese, şol ýurduň Saud Arabystany däl-de, Eýran bolmalydygyny” aýtdy.

"Özbaşdaklygyň gödek bozulmagy"

Bahreýn Eýranyň ilçisini çagyrdy we “özüniň özbaşdaklygynyň Tähran tarapyndan gödek bozulmagyndan” nägiledigini aýtdy.

Mundan öň Saud Arabystany Eýrany Bahreýniň işlerine goşulyşmazlyga çagyrypdy. Bahreýniň Saud Arabystany bilen bileleşmek planlary içerki oppozisiýa tarapyndan hem berk tankyt edilipdi.

Bahreýnde bir ýyla golaý wagt bäri şaýylaryň ýolbaşçylygynda geçirilýän protest çykyşlary dowam etdirilýär. Protestçiler ýurt başyndaky sünni patyşa maşgalasynyň raýatlaryň ynsan hukuklaryny berjaý etmegini we syýasy reformalary amala aşyrmagyny talap edýärler.

Eýranyň Pars aýlagyndaky goňşulary bilen gatnaşyklary 2011-nji ýylyň mart aýynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Pars aýlagynyň hyzmatdaşlyk geňeşi Bahreýne goşun girizip, ýurduň patyşa maşgalasynyň güýjüni berkidensoň dartgynlaşypdy.

Şaýylaryň köpçüligindäki Eýran Bahreýndäki protestlere ençeme sapar goldaw bildiripdi.
XS
SM
MD
LG