Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň çarh görnüşindäki karuseli rekord goýdy


“Älem” diýlip atlandyrylan we beýikligi 47 metrden gowrak bolan bu çarh görnüşindäki karusel paýtagt Aşgabatda açyldy.

“Älem” diýlip atlandyrylan we beýikligi 47 metrden gowrak bolan bu çarh görnüşindäki karusel paýtagt Aşgabatda açyldy.

Soňky wagtlar “Ginnesiň rekordlar kitabyna” dürli rekordlar bilen girmek tendensiýasynda tapawutlanýan Türkmenistan anna güni dünýäde iň uly çarh görnüşindäki karuseliň açylyş dabarasyny gurnady.

“Älem” diýlip atlandyrylan we beýikligi 47 metrden gowrak bolan bu çarh görnüşindäki karusel paýtagt Aşgabatda açyldy.

Çarhyň içki giňişliginde “Oguzhanyň tagmasy” diýlip atlandyrylýan sekizburçlyk emblemanyň äpet şekili hem ýerleşdirilipdir. Bu karuselde oturylyp aýlanylýan 24 sany kabina bar.

“Frans-Press” habar agentligi “Ginnesiň rekordlar kitabynyň” wekiliniň bu karuseli çarh görnüşindäki iň äpet karusel diýip yglan edendigini habar berýär.

Bu äpet karuseliň açylyş dabarasy Türkmenistanda bellenilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly-Pyragynyň şygyrýet gününe gabatlanylyp gurnaldy.

Türkmenistan mundan öň hem dünýäde iň beýik baýdak diňi, iň uly sekiz burçly emlemanyň skulpturasy, dünýäde iň uly halysy we dünýäde iň uly fontan kompleksi bilen hem “Ginnesiň rekordlar kitabyna” giripdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG