Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Esger öz eşiginde geläýse…”


T.Täçdurdyýewa: "Harby formaly gelseler, owadan boljak-da. Ýöne diňe graždan eşikli gelýäler. Ol graždan eşigem sen alyp bermeli gidip. Ýörite pul toplamaly".
T.Täçdurdyýewa: "Harby formaly gelseler, owadan boljak-da. Ýöne diňe graždan eşikli gelýäler. Ol graždan eşigem sen alyp bermeli gidip. Ýörite pul toplamaly".
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň goşun gullugynda, Sowet ýyllaryndakylar bilen deňeşdirilende, käbir zatlar üýtgedi, käbir zatlar öňküligine galdy. Ýöne ene-atalaryň aladasyny artdyran zatlaram bar. Şu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosy özüni Täjigözel Täçdurdyýewa diýip tanyşdyran 70 ýaşly aşgabatly pensioner ene bilen ýörite söhbetdeş boldy.

T.Täçdurdyýewa: Oglanlaň goşuna gitdimi, onsoň, derrew habar edýärler: “Pylanynjy gün kasam edişlik bolýa” diýip. Onsoň, ene-atalar şol kasam edişlige barýalar. Onsoň, ýene birki aý geçä welin, “Ogluňyzyň şul aýda doglan güni. Ýörüň, gideliň üýşüşip!” diýýäler. Onsoň, doglan gününe barýalar. Ol oglanlaryň ol ýerde aç-hor bolýandyklary bildirenogam. Bolmasa, olar eňreşip aýdardylar. Hiç zadam aýdanoklar.

Azatlyk Radiosy: Esgerleriň kasam edişlik dabarasyna ene-atalaryň çagyrylmagy indi däbe öwrüldi. Siz muňa nähili garaýaňyz?

T.Täçdurdyýewa: Aý, ene-atalar nä başyny çaraýandyr. Goşundan habar edenlerinde-de, “şu bazar güni” diýip, habar edýäler. Kasam edişlik dynç güni bolýar. Ene-atalara hökmanam däl şoňa gitmerk. Gitmek kyn düşýär. Köp ýerlere gidibem bilenok.

Azatlyk Radiosy: Otpuska alyp, gullukdan öýlerine gaýdýan esgerlerem barmy?

T.Täçdurdyýewa: Biziňkiler-ä, näme, köplenç gulluga gitdimi, iki ýyljygynam geçiripjik gelýärler. Meniň eşidişim-ä şol. Otpuska gaýdýan günleriňi soň dowam etmeli öýdýän. Şony çagalar gerek däl diýýändir-dä, elbetde. Otpuska gelenoklar.

Azatlyk Radiosy: Kähalatlarda öz welaýatlarynda galyp, gulluk edýän oglanlaryň öýlerinden girip-çykýan ýagdaýlary-da bolýar diýen gürrüňler bar. Şeýle ýagdaýlara siz duş geldiňizmi?

T.Täçdurdyýewa: Iki gezek gabat geldim. Woýenkomatyň özünde işleýän biri bar ekeni-dä. “Şu ýerde gulluk edýär” diýdiler. Öňräk bar ýalydy şol, häzir-ä ýok.

Azatlyk Radiosy: Esgerleriň egin-eşikleri bilen bagly gürrüňe geçsek, harby geýimleriniň abat bolmanlygy sebäpli, mundan oň käbir esgerleriň gullukdan soň öz graždan eşiklerinde öýlerine dolanýandyklary barada-da gürrüňler bolupdy. Häzir bu ýagdaý nähili?

T.Täçdurdyýewa: Häzirem şoň ýaly. Harby formaly gelseler, owadan boljak-da. Ýöne diňe graždan eşikli gelýäler. Ol graždan eşigem sen alyp bermeli gidip. Ýörite pul toplamaly.

Azatlyk Radiosy: Esgerleriň gullukda geýýän eşikleri nähili? Bir wagtlar esgeriň yzyndan baran ene-atalar ogullarynyň ýyrtyk aýakgaply, köne egin-eşikli ýagdaýyny görüp, gynanyp gaýdýardylar.

T.Täçdurdyýewa: Häzir gowy. Ol özleri gulluk edýärkäler, eşikleri erbet däl häzir. Ýöne ýaňky aýdyşym ýaly, şol eşijekleriniň birini özi bilen alyp gelse, has owadan geýnip gelse, gowy boljak-da.

Yaňky aýdyşyňyz ýaly, biz ozallar gidip gördük köp garyndaşlaryň oglanlarynyň yzyndan. Barsaň, köwüşleri ýyrtyk ýa syganok ýa-da yzyna basylan. Onuň ýalylaram bardy. Ýakajyklaram ak tikin bolupdyr. Daşy ýyrtykdyr, saralandyr. Onuň ýalylaram bardy. Häzir oňatja. Häzirki eşikleri gowy.
XS
SM
MD
LG