Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň Sammiti: aktiwistler öz “billerini guşaýarlar”


NATO-nyň Çikagoda geçjek Sammitini reklama edýän telewizion reklamadan bir görnüş.
NATO-nyň Çikagoda geçjek Sammitini reklama edýän telewizion reklamadan bir görnüş.
Ululygy boýunça ABŞ-nyň üçünji şäheri bolan Çikagoda 20-21-nji maý günleri NATO-nyň Sammiti geçirilýär. Müňlerçe amerikanlylar bu Sammitiň çäklerinde protest demonstrasiýasyny geçirmek üçin, ýurduň dürli künjeklerinden Çikago şäherine bardylar.

Bu adamlaryň arasynda mekdep mugallymlary-da, adaty gullukçylar-da, lukmanlar-da, syýasy aktiwistler-de bar.

2 müň 500 töweregi protestçi eýýäm Sammitiň öňýany, anna güni Çikagoda ykdysady deňsizliklere garşy şygarlar bilen demonstrasiýa geçirdi.

Häkimiýetler howatyrlanýarlar

Çikago şäheriniň häkimiýetleri bu protestleriň gahar-gazaply bulagaýçylyklara öwrülmezligi hem-de Sammitiň işine päsgel bermezligi üçin, öňünden ep-esli alada etdiler.

Şu maksat bilen olar bir million dollara golaý harajat çykaryp, metal germewleri satyn aldylar we käbir goňşy şäherlerden goşmaça polisiýa güýçlerini çagyrdylar.

Şeýle çäreleriň görülmegi üçin ýakyn geçmişde sapak alarlykly wakalar az bolmandy. Hususan-da, 1999-njy ýylda Dünýä Söwda Guramasynyň Siattl şäherinde geçiren maslahatynda ýüze çykan köçe bulagaýçylyklarynda birgiden dükanlaryň aýnalarydyr gapylary döwlüp, köpsanly talaňçylyklar bolupdy.

2009-njy ýylda Strasburgda bolan NATO-nyň Sammitinde hem örän dartgynly köçe bulagaýçylyklary ýüze çykypdy.

Aktiwistler söz berse-de...

Ýöne bu gezek Çikagodaky protestleri gurnaýjylar öz demonstrasiýalarynyň parahatçylykly geçjekdigine söz berdiler.

Emma, şeýle-de bolsa, NATO-nyň liderleriniň bu Sammitiniň dowamynda ABŞ-nyň käbir kompaniýalarynda we edaralarynda graždan boýun egmezlik çäreleriniň geçirilmegi mümkin diýlip garaşylýar.

Şolaryň hatarynda hatda uçar ýasaýjy “Boing” kompaniýasy ýaly käbir kompaniýalaryň işinde bökdençlik döretmekligiň-de planlaşdyrylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG