Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly ýaş ştangaçy dünýä ýaryşynda bürünç medal aldy


Şu hepde ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Wenesuelada geçýän dünýä çempionatynda türkmenistanly ştangaçy Daniýar Ismailow bürünç medala mynasyp boldy.

Ol 69 kilograma çenli agramlyk kategoriýada ştangany itekläp götermekde 145 kilogramy göterdi. Bu agramlyk katogoriýada dünýäniň 21 ýurdundan 26 sany ştangaçy özara bäsleşdi.

Türkmenabat şäherinde tälim alýan Daniýar Ismailow mundan üç ýyl ozal, 17 ýaşynda Daşkentde ýaşlaryň arasynda geçen Aziýa çempionatynda-da ştanga götermekligiň iki görnüşi boýunça-da bürünç medala mynasyp bolupdy.

Geçen ýyl Malaýziýada geçen dünýä ýaryşynda bolsa, ol ştangany siltäp götermekde kümüş medala, ýaryşyň umumy jemi boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
XS
SM
MD
LG