Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

73 ýaşly ýaponiýaly zenan dünýäniň iň belent dag gerşine çykdy


Şenbe güni ýaponiýaly 73 ýaşly zenan Tamae Watanabe Gimalaý daglaryndaky iň beýik dag gerşi bolan Ewerest gerşine çykyp, dünýä rekordyny goýdy.

Tamae Watanabe dünýäniň iň belent dag gerşine çykan iň garry adam hökmünde hasaba alyndy. Ol dört sany alpinist bilen birlikde Ewerest gerşine onuň Tibet tarapdaky demirgazyk jülgesinden dyrmyşyp, 8 müň 850 metr belentlige çykdy.

Mundan 10 ýyl ozal hem ol 63 ýaşynda bu dag gerşine günorta tarapdan çykan iň garry alpinist hökmünde dünýä rekordyny goýupdy.
XS
SM
MD
LG