Sepleriň elýeterliligi

Hamid Karzaý NATO-nyň Sammitine gatnaşmak üçin ABŞ-a bardy


Şenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý NATO-nyň Sammitine gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň Çikago şäherine bardy.

Bu Sammitiň çäklerinde ol amerikan prezidenti Barak Obama bilen duşuşyp, iki ýurduň strategik gatnaşyklary barada maslahat eder.

NATO-nyň Çikagoda geçjek Sammitinde möhüm halkara meseleleriniň hatarynda Owganystandaky howpsuzlyk meseleleri we NATO-nyň bu ýurt bilen hyzmatdaşlygy baradaky meseleler aýratyn üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG