Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-8 maslahatynda “özara düşünişmekligiň” bolandygy aýdylýar


G-8 toparyna girýän ýurtlaryň liderleriniň Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda Waşingtonyň eteginde geçiren maslahatyndan bir pursat. Kamp Dewid, 18-nji maý, 2012.
G-8 toparyna girýän ýurtlaryň liderleriniň Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda Waşingtonyň eteginde geçiren maslahatyndan bir pursat. Kamp Dewid, 18-nji maý, 2012.
G-8 toparyna girýän ýurtlaryň liderleriniň Waşingtonyň eteginde geçiren iki günlük maslahatynyň yzýany, şenbe güni giçlik eden çykyşynda prezident Barak Obama Ýewropanyň maliýe krizisi bilen baglanyşykly meselede “özara düşünişmekligiň” bardygyny nygtady.

Hususan-da, ol bu meseläni çözmekde iş orunlaryny artdyrmak meselesinde köp işleriň edilmelidigi barada birmeňzeş garaýyşlaryň öňe sürlendigini aýtdy.

“Ýewropanyň durnukly ykdysady ösüşi taraplaryň hemmesiniň-de, şol sanda Amerikanyň-da bähbidine. Ýewropa biziň iň uly ykdysady partnýorymyz bolup durýar. Ýönekeý söz bilen aýtsak, eger Parižde ýa-da Madridde haýsydyr bir kompaniýanyň öz iş orunlaryny azaltmagy, Pittsburg ýa Milouki şäherlerindäki önümçilik pudaklarynyň biznesiniň pese gaçjakdygyny aňladyp biler” diýip, prezident Obama belledi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Barak Obama Gresiýadaky syýasy we ykdysady krizisi, şeýle-de käbir beýleki ýurtlardaky işsizlik problemalaryny göz öňünde tutmak bilen, bu meselelere çözgüt tapmaklygyň aňsat iş däldigini nygtady.

Emma, beýleki tarapdan, Ýewropanyň çözgütlere tarap aýgytly ädim ädýändigine we onuň ykdysady kynçylyklaryň hötdesinden geljekdigine Waşingtonyň berk ynanýandygyny aýtdy.

G-8 toparynyň liderleriniň maslahatynyň yzýany žurnalistleriň öňünde eden bu çykyşynda Barak Obama bu maslahatda dünýä liderleriniň Eýran, Siriýa we Demirgazyk Koreýa bilen baglanyşykly käbir halkara meseleleri boýunça-da öňe tarap ädim ädendiklerini belledi.

Ýöne bu “öňegidişligiň” anyk nämeden ybaratdygy barada ol aýratyn durup geçmedi.
XS
SM
MD
LG