Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tarik al-Haşeminiň aklawçylary sud prosesine protest bildirdi


Daşary ýurda bosgunlyga çykan Yragyň wise-prezidenti Tarik al-Haşeminiň aklawçylary sudda ony goramak üçin zerur delilleriň getirilmegine ýol berilmeýändigini aýdyp, muňa protest hökmünde bu sud prosesinden çykýandyklaryny yglan etdiler.

Yragyň sudy sünni mezhebinden bolan wise-prezident Tarik al-Haşemini öz garamagynda ýörite adam öldürmek bilen meşgullanýan ýaragly topary saklap gelenlikde aýyplama bildirýär.

Emma ýekşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde sudýalar Tarik al-Haşeminiň telefon gürrüňdeşliklerine we onuň bellän duşuşyklarynyň kalendarlaryna degişli resmi dokumentleriň aklawçylar tarapyndan delil hökmünde aýan edilmegine ýol bermediler.
XS
SM
MD
LG