Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Serbiýada ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlary geçirilýär


Ýekşenbe güni Serbiýada geçirilýän ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda ýurduň häzirki prezidenti Boris Tadiç bilen oppozisiýanyň wekili Tomislaw Nikoliç özara bäsleşýärler.

6-njy maýda geçirilen birinji tapgyr saýlawlarda Tomislaw Nikoliç prezident Boris Tadiçden sähel tapawut bilen yza galypdy.

Ýurduň häzirki prezidenti Boris Tadiç özüniň üçülenji gezek prezident saýlanan halatynda, Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy ugrundaky tagallalaryny has-da güýçlendirmeklige söz berdi.

Saýlawlaryň deslapky netijeleri duşenbe güni yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG