Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň hökümeti Twitter internet hyzmatyny petikledi


Ýekşenbe güni Pakistanyň hökümeti Twitter internet gullugynda yslam dinine şek ýetirýän bir maglumatyň ýaýradylandygyna salgylanyp, bu internet gullugynyň hyzmatyny ýurduň territoriýasynda petikledi.

Pakistanyň telekommunikasiýa edarasynyň başlygy Muhammad Ýasiin “Assoşieýted Press” habar agentligine beren interwýusynda munuň sebäbini Muhammet pygamberiň suraty bilen baglanyşykly “Facebook” saýtynda geçirilýän bäsleşige degişli materialy Twitterden aýyrmak barada edilen haýyşy Twitteriň kanagatlandyrmandygy bilen düşündirýär.

Muhammad Ýasiiniň aýtmagyna görä, “Facebook” saýty özündäki bu maglumaty aýyramaklyga söz beripdir.
XS
SM
MD
LG